MAGNIÝ ADAM BEDENI ÜÇIN JUDA ZERUR MINERAL BOLUP DURÝAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Islendik adamynyň bedeni witaminlere we minerallara mätäçdir. Haýsy hem bolsa bir elementiň ýetmezçiligi keselleriň ýüze çykmagyna, immun ulgamynyň gowşamagyna we umumy ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna getirip bilýär. Şonuň üçin hem, alymlar haýsy elementiň beden üçin has wajyplygyny anyklamagy karar etdiler.

Geçirilen köp barlaglardan soň, bedende magniý mineralynyň ýetmezçiliginiň çynlakaý kynçylyklara getirjekdigi anyklanyldy. Bu mineralyň ýetmezçiligi infarktyň, insultyň we ýiti ýürek ýetmezçiligiň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýandyr. Alymlaryň bellemegine görä, magniý adaty ýol bilen, ýagny iýmitiň we içgileriň üsti bilen öwezini dolup bolmaýan minerallaryň hataryna degişlidir. Şol sebäpden hem, lukmanyň maslahatyndan soň, biologiki işjeň goşundylary kabul etmek dogry bolup durýandyr. Iýmit önümleri barada bellenilende bolsa, magniniň ýokary mukdary gara şokoladda, guradylan ir-iýmişlerde, awokado miwesinde, gök otlarda, bananda we balykda saklanýandyr. Ýöne şeýle diýilmegiň, diňe bu önümleri iýmelidigini aňlatmaýar. Bedende magniniň gereginden ýokary mukdarynyň ýygnanmagy hem höwply ýagdaýlary döredip bilýändir. Bedende magniniň ýetmezçiligini ýygy ýüze çykýan kelagyrylar, çakyzanyň tutmagy, ýadawlylyk we sebäpsiz gaharyň gelmegi ýaly alamatlar häsiýetlendirýär. Şeýle alamatlar ýüze çykanda lukmanlar lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmagy we öz iýmitiňiziň düzümine üns bermegi maslahat berýär.

  • 1060 gezek okalan