ALYMLAR BEDEN ÜÇIN HOWPSUZ BOLUP BILJEK JYNSY GATNAŞYKLARY BAŞLAMAK ÜÇIN OŇAÝLY ÝAŞY KESGITLEDILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

ABŞ-da alymlar seksual gatnaşyklary başlamak üçin 18-19 ýaşyň oňaýly bolýandygyny anykladylar. Bu ýaşda adamynyň diňe bir jynsy ulgamy kemala gelmän, eýsem şahsyýet hem öz edýän hereketlerine jogapkärli çemeleşýändir.19 ýaş töweregi ýaş adamlarda psihologiki kämillilik peýda bolýar.

Soragnama bäş müňe golaý ýaş ýigitler we gyzlar gatnaşdylar. Wlad Taýmyň habar bermegine görä, sorag edilenleriň 50%-i öz ilkinji seksual tejribesini 16 ýaşdan ir alypdyrlar.

"Save the Children" guramasynyň oktýabr aýynda çap eden beýannamasyna görä, her 7 sek. dünýäde 15 ýaşa ýetmedik gyzjagazlar durmuşa çykarylýar. Owganystan, Ýemen, Hindistan we Somali ýaly döwletlerde bolsa 10 ýaşly gyzjagazlar özlerinden birnäçe ýaş uly bolan erkek adamlara zorluk bilen durmuşa çykarylýarlar.

Guramanyň bellemegine görä, gyzjagazlar çaga bolmak hukugyndan mahrum edilýär. Olaryň geljegi ilkibaşdan dargadylýar: olar bilim alma we şahsyýet höküminde ösme hukugyny ýitirýärler. Gyzjagazlaryň maşgala we seksual zulumlylygyna duçar bolma howpy ýokarlanýar hem-de olar ir göwreli bolýarlar. Şeýle hem olaryň jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän kesellere, şol sanda AIW-e duçar bolma töwekgelligi artýandyr.

  • 1704 gezek okalan