TYG YZY GALMAÝAN OPERAŞIÝALARY GEÇIRMEK MÜMKINÇILIGI DÖREDI.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Köp wagtyň dowamynda dünýäniň alymlary we lukmanlary hirurgiki bejergilerden soň galýan gelşiksiz ýara ýerleriň, tyglaryň döremegine garşy göreşmegiň usullaryny gözlediler. Pensilwaniýa Uniwersitetiniň işgärleri hirurgiki kesilmelerden soň deri örtüginiň yz galmazdan bitmegini üpjün etjek usuly işläp düzdüler. Tejribeleriň gidişinde ýara yzlaryndan dynmak üçin ýarada ýerleşýän öýjükleri ýag öýjüklerine (adipositler) öwürmegiň zerurlygy kesgitlendi. Operasiýadan soňky dikeldiş döwründe ýara ýerinde gelşiksiz yzyň galmagyna getirýän miofibroblastlar agdyklyk edýär. Alymlar miofibroblastlary ýag öýjüklerine öwürmek barada synanşyklary geçirmegi karar etdiler we tejribäniň gidişinde olara saç follikulalaryny dikeltmek başartdy. Barlaglar netijesinde ýara ýerleriň bitmeginiň esasynda saç follikulalaryň emele gelip, olaryň hem miofibroblastlardan ýag öýjüklerini emele getiriji esasy "serişde" bolup durýandygy kesgitlendi. Follikulalar bolmasa beýle öwrülşik bolup bilmeýär, olaryň bolmagy bolsa ýara ýeriniň yz galdyrmazdan bitmegine güwä geçýändir. Şeýle netijeler geljekde lukmançylygyň ösüşine öz uly täsirini ýetirip, näsaglary geçirilen operasiýalaryň "gelşiksiz yzlaryndan" halas edip bilerler.

  • 847 gezek okalan