BMG NEŞELERIŇ DEREGINI TUTÝAN DERMAN SERIŞDELERINIŇ KANUNYDYGY BABATDA YNJALYKSYZLANÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.00 (1 Ses)

"Dünýäde kokain we geroin neşeleriniň ulanyş mukdaryny belli bir derejede kemeltmekde üstünlikler gazanyldy. Ýöne emeli usul bilen ýasalýan neşelere we serişdelere bolan isleg neşä garşy göreşýänleriň üstünliklerini puja çykarýar" – diýip, Birleşen milletler guramasy duýdurýar.

BMG-niň neşeleri ýaýratmaklyga we jeneýatçylyga garşy göreşýän gullygy özüniň ýyl hasabatynda Ýewropada ýaşaýan adamlaryň belli bir toparlarynyň psihoaktiw serişdelerine ýykgyn bolup başlandyklaryny mälim edýär. 

BMG emeli usulda ýasalýan täze serişdeleriň peýda bolup, olaryň kokain we ekstazi ýaly neşeleriň deregini tutýandygyna üns berýär. Bu serişdeleri ulanmak  kanun tarapyndan gadagan edilmeýändigi üçin, olar hatda jemgy‎ýetde mahabatlandyrylýar.

BMG-niň gullugy neşe serişdeleriniň täze görnüşleri döretmekde Ýewropany öňdebaryjy ýurt diýip hasaplaýar. Mysal üçin, 2009-njy ýylda şeýle serişdeleri 24 görnüşi döredilen bolsa, 2010-njy ýylda olary sany eýýäm 40-a ýetdi.

BMG-niň neşeleri ýaýratmaklyga we jeneýatçylyga garşy göreşýän gullygy (UNODK) berýän maglumatlaryna görä, häzirki döwürde neşeleriň täze görnüşleri peýda boldy. Olaryň düzüminde henize çenli ulanylmadyk düzüjiler goşulýar. Bu düzüjilere piperaziniň, katinonyň, triptaminiň, fenetilaminiň we sintetiki kannabinoidiň ýasamalary degişlidir.

Gurçuklara garşy we keýp üçin ulanylýan serişdeler

Mefedron — neşeleriň deregini tutup, kanunyň gadagan etmeýän derman serişdeleriniň biri hasaplanýar.

Bu dermanlar adama neşe serişdeleri, mysal üçin, geroin ýaly täsir etmeseler-de,  nerw-myşsa ulgamynyň işini bozup bilýärler. Bu bolsa öz gezeginde adama "keýpihonlyk" duýgularyny berýärler.

"Piperizin dermany gurçuklara we askaridlere garşy ulanylýan serişdedir. Ýöne onuň düzümine girýän düzüjileriň biri hakyky neşedir" diýip, BMG-niň ökde hünärmenleri belleýärler.

Neşekeşleriň arasynda bu serişdeler neşeleriň, mysal üçin, kokainiň ýa-da ekstaziniň deregini tutýan we kanunyň rugsat berýän serişdeleri diýip hasaplanylýar.

Piperiziniň analoglaryny (şoňa meňzeş dermanlary) neşe satyjylar ektazi atly neşe hökmünde satýarlar.

Mefedron, mysal üçin, kanuny taýdan ulanmaga rugsat edilip, amfetaminleriň ýa-da kokainiň deregini tutýan neşe hökmünde ulanylýar.

Owganystandaky hasylsyzlyk 

"Adamyň psihikasyna täsir edýän serişdelere okgunly artýan islegi kanagatlandyrmak üçin, her ýyl bu serişdeleriň ençeme täze görnüşleri öndürilýär. Bu önümçiligi hiç biz gurama gözegçilik astynda saklamaýar" diýip UNODK öz dokladynda beýan edýär.  

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu serişdeler köplenç kokainiň we marihuananyň esasynda taýýarlanyp, olara dürli neşeler we sintetiki elementler goşulýar. Şeýle serişdelere, mysal üçin, metadon degişlidir.

Şeýle neşeleriň täze görnüşlerini öndürýänler öz "dermanlaryny" ýasanlarynda, olaryň düzümine kanun tarapyndan ygtyýar berlen serişdeleri goşýarlar. Şonuň üçin-de, şeýle serişdeleri öndürýän kärhanalary ýa-da belli bir sahslary jenaýat jogapkärçiliklerine çekip-de bolmaýar.  

Mundan başga-da, lukmanlaryň maslahat berip, bejergi üçin bellän dermanlarynyň başga maksatlar üçin ulanylýandygy BMG-ni ynjalyksyzlandyrýar.

"Häzirki wagtda Kolumbiýada, Peruda we Boliwiýada kokainiň öndürilişiniň düýpli peselmegi,  2009-2010 ýyllarda Owganystandaky tirýegiň hasylyny mör-möjekleriň zaýalamagy, neşe satmaklygyň yzarlanmagy –  ine, şu ýagdýalar neşeleriň deregini tutýan serişdeleriniň öndürilişiniň şeýle okgunly artmagyna sebäp boldy” diýip, BMG-niň ökde hünärmenleri hasaplaýarlar.

BMG-niň geçiren hasaplamalaryna laýyklykda, 2009-njy ýylda ýer ýüzüniň ilataynyň takmynan 149-272 milliony neşeleriň deregini tutýan serişdeleri kabul etdiler.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3429 gezek okalan