ALYMLAR IMMUN ULGAMYNYŇ IŞJEŇLIGI ÜÇIN GURÇUK GÖRNÜŞLI ÖSÜNGINIŇ WAJYPLYGYNY BELLEDILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Uzak wagtyň dowamynda köriçegäniň uly bolmadyk goşundysy bolan gurçuk görnüşlli ösüntgi (appendix) adam bedeniniň wajyp däl bölegi ýaly hasaplanýardy. Ol barada diňe gaýragoýulmasyz hirurgiki kömegi talap edýän appendisit keseli ýüze çykanda ýatlanýardy. Ýöne soňky barlaglar appendiksiň beden üçin peýdalylygyny subut etdiler. Süýdemdirijileriň 500-den gowrak görnüşiniň aşgazan-içege ulgamy öwrenilip, köp görnüşlerde bu ösüntginiň 30 gezege çenli ulalyp özbaşdak kämilleşýändigi we ýitip gitmeýändigi anyklanyldy. Ondan başga-da, ösüntginiň limfoid dokumasyna baýlygy kesgitlendi. Şeýle açyşlaryň esasynda appendiksiň immun ulgamynyň işjeňligi üçin wajyplygy we onuň goraglylygynyň goşmaça düzüjisi bolýandygy baradaky düşünjeler döredi. Şeýle görnüşli goşundyda bedene peýda berýän bakteriýalaryň hem toplanýandygyny bellemelidir. Immun ulgamynyň mümkinçiliklerine täsir edýändigi üçin hem appendiksi goramagyň möhümdigi nygtalýar. Eger ahyrynda bu ösüntgini aýyrma zerurlygy ýüze çykan halatynda, adamyň immun ulgamynyň gowşap, ony başga usullar bilen taplandyrmaly boljakdygy bellenilýär.

  • 1376 gezek okalan