EKSPERTLERIŇ BELLEMEGINE GÖRÄ, DÜNÝÄNIŇ ÝAŞAÝJYLARYNA KÖRLÜGIŇ EPIDEMIÝASY HOWP SALÝAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Lukmanlaryň bellemegine görä, häzirki çagalar ekranly serişdeleri has ir ulanyp başlaýarlar. Bu howsalaly ýagdaýdyr. Alymlar alakalar bilen tejribe geçirdiler. Olar haýwanlaryň gözüniň torly gatlagyna planşetiň ak swetodiod şöhlelenmesi bilen täsir etdiler. Ýöne bir ýagdaýlarda goraýjy süzgüçler (filtr) ulanylsa, galanlarynda ol ulanylmady. Netijede, filtrler ulanylmadyk halatlarynda, üç aýdan soň alakalaryň gözüniň torly gatlagyndaky öýjükleriniň dargamagynyň görkezijileri 23% ýokarlandy. Bu görüşi ýitirme howpuny döredýärdi.

Onuň üstüne hem, öýjükleriň ölümi bilen bagly genleriň üýtgemegi we bu hadysany çaltlaşdyrýan fermentleriň bölüp çykarylmagy hem ýokarlanýandyr. Ýöne filtrler bu ýagdaýlardan goramaga ukyplydyrlar. Ondan başga-da, ekspertler dürli täze enjamlardan bölünip çykýan ýagtylygyň çagalaryň gözüne ýetirýän täsirini öwrendiler. Görlüp oturylsa, çagalaryň elleriniň gysgadygy we planşetiň ýa-da telefonyň ekranyndan aranyň uly däldigi sebäpli, çagalaryň gözleri gysga tolkunly şöhleleriň täsirine 3 esse köp sezewar bolýar ekeni.

Gözüň torly gatlagynyň bolup biljek zeperlenmelerinden başga hem, dürli gadžetleriň ulanylmagy netijesinde gözleriň gurylygy döreýär. Şol sebäpli lukmanlar her 20 min. arakesme edip, ýörite gözler üçin niýetlenen maşklary geçirmegi maslahat berýärler.

  • 878 gezek okalan