SÖZENEGI (GONOREYA) DÖREDÝÄN BAKTERIÝALAR INDI ANTIBIOTIKLERE GARŞY DURUP BILÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)
Sözenek keselini şu wagta çenli sefalosporinler
bilen üstünlikli bejerip bolýardy.

Ýaponiýada antibiotikleriň täsirine durnukly bolan gonokokkyň täze ştammy ýüze çykaryldy. Gonokokkyň täze ştammy Şwesiýanyň ylmy-barlag laboratoriýalarynda öwrenildi. Bu ylmy barlaglaryň netijesinde alymlar onuň bütin adamzadyň saglygyna howp salýandygyny ýüze çykardylar. Bu alymlaryň aýtmagyna görä, gonokkokyň täze ştammyny ýok etmek üçin täze derman serişdelerini oýlap tapmaly. Ylmy-barlag işlerini geçiren alymlar täze ştammy H041 diýip atlandyryp, onuň ähli sefalosporinlere durnuklydygyny ýüze çykardylar. (Sefalosporinler – tebigy we ýarym sintetiki antibiotikler toparyna degişli bolup, dürli ýokanç keselleri, mysal üçin, öýken sowuklamasyny, sepsisi, meningiti  bejermekde ulanylýar).

Doktor Magnus Unemanyň habar bermegine görä, antibiotikler geçen asyryň kyrkynjy ýyllaryndan bäri sözenegi bejermekde ulanylýar. Şondan bäri sözenegi döredýän bakteriýa antibiotklere bütinleý uýgunlaşyp, indi olara "batyrgaýlyk" bilen garşy durup bilýär.  

Ýeňilmeýän gonokokk

Sözenek keselini şu wagta çenli esasan-da sefalosporinler bilen üstünlikli bejerip bolýardy.

Beýik Britaniýanyň saglygy goraýan Gullugynyň doktory Dewid Liwermoryň pikirine görä, Beýik Britaniýada ulanylýan sefalosporinler heniz-de sözenegi bejerip bilýärler. Ýöne geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde gonokokkyň ştammlary wagtyň geçmegi bilen bu antibiotigiň täsirlerine kem-kemden uýgunlaşýandygy mälim boldy.  

Şeýle-de, Doktor Liwermor iňlis lukmanlarynyň käbir ýagdaýlarda sözenegi sefalosporinler bilen bejerip bilmändiklerini hem belleýär.  

Sözenek – dünýäde giňden ýaýran weneriki keselleriň biridir.  Bu kesele uçran aýallaryň 50%-ne golaýy özlerinde bu keseliň alamatlaryny tapmaýarlar. Şeýle ýagdaý erkekleriň diňe 5%-de duş gelýär. Peşew edilende ýiti agyrylaryň bolmagy, sowuklama alamatlary we jyns agzalaryndan iriňli suwuklyklaryň bölünip çykmagy ýaly alamatlar sözenegiň giňden ýaýran alamatlarydyr. 

Ötüşen sözenek keseli adamy çynlakaý kesellere uçratmagy mümkin. Onuň netijesinde çynlakaý gaýraüzülmeler ýüze çykyp bilýär. Bu gaýraüzülmeler öz gezeginde önelgesizligiň, çanaklyk agzalarynyň  sowuklamalarynyň, bogunlaryň zeperlenmeginiň döremegine sebäp bolýar.

Ulanylan WEB Salgy    

  • 3096 gezek okalan