PREZERWATIWIŇ ÝERINI TUTMAGA UKYPLY USULLAR OÝLANYP TAPYLDY: OLAR NÄHILI IŞLEÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

Meduza neşirýatynyň habar bermegine görä, lukmanlar erkek adamlar üçin ulanmaga ýaramly boljak we prezerwatiwiň netijeliliginden pes bolmajak göwreliligiň öňüni alyş usullary döretmegiň üstünde işleýärler. Şolaryň arasynda tohum geçirijilere täsir edýän Wasalgel serişdesi erkekler üçin niýetlenen kontrasepsiýanyň geljegi hasaplanýar. Bu gel serişdesiniň işleýiş täsiri şeýle: tohum geçirijilere serişde göýberilýär we janly dokumalara düşende ol gatap, spermatozoid öýjükleriniň hereketiniň öňüni ýapýar.

Serişdäniň täsiri 10 ýyla ýetip, ýörite başga serişdäniň kömegi bilen aýrylandan soň, erkek adamda çaga galdyrmak ukyby ýene dikeldilýändir.
Ýene bir gormonal däl usulyň biri – gerdejikleriň kömegi bilen tohumlygy daşyna çykarýan geçirijilerde dölüň hereketini saklamakdyr. Orgazm almak duýgusy saklanylýandyr. Gerdejikleriň täsirliligi 3-4 sagatdan ýüze çykyp, olar jynsy gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklaryň öňüni almaga ukyplydyrlar.

Şeýle hem, spermatozoidleriň üstünde ýerleşýän Eppin belogynyň işjeňligini aýyrmak ugrunda hem işler alnyp barylýar. Ýörite maddalar olaryň üstüne "ýelmeşip", olaryň hereketini kynlaşdyrýarlar. Lukmanlar has ýokary netijeliligi gazanmak üçin, spermatozoidleriň ýetişmegi üçin zerur belogyň emele gelmegini bütinleý togtatmagy teklip edýärler.
 

  • 1163 gezek okalan