ÝOKARY GAN BASYŞYŇ BEJERGISINDE BEÝNIŇ ELEKTRIK TOGY BILEN GYJYNDYRYLMAGY NETIJELILIGI BILEN TAPAWUTLANÝAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1

Gan basyşynyň bejergisinde derman serişdeleriň hemişe netijeli bolmaýandygy bellidir. Britaniýaly lukmanlara 55 ýaşly aýalyň beýnisine elektrogyjyndyryjyny (elektrostimulýator) goýup, gan basyşy peseltmek başartdy. Aýalyň gan basyşy juda beýik bolup, 10 ýylyň dowamynda kabul edilen dürli serişdeler netije bermändir.

Bu usul beýnä elektrik çeşmesine baglanan elektrodlary goýmak arkaly amala aşyrylýar. Bu usul öň dowamly agyrylary we Parkinsonyň keselini bejermekde üstünlikli ulanylyp, ýokary gan basyşy bejermekde ol ilkinji gezek ulanyldy. Häzirki wagtda bu usulyň kömegi bilen näsagyň gan basyşyny ep-esli peseltmek başartdy.

  • 911 gezek okalan