"JENAP ERKEK" ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (25 Ses)

Halkara zenanlar gününiň bosagasynda Türkmenistanda "Talyp Gözeli" ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryndan talyp gyzlar gatnaşdylar. Baş baýraga Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň talyby Maýsa Halbaýewa mynasyp bolup, "Talyp Gözeli 2017" adyna eýe boldy.

Bu bäsleşigiň çäklerinde sanlarça talyp ýigitleriň haýyşy boýunça, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary Saglyk saýdy bilen hyzmatdaşlykda "Jenap Erkek" atly bäsleşigi alyp bardy. Talyp ýigitleriň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde ýigitler dürli ugurlar boýunça bäsleşdiler. Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň talyby Aman Hojakulyýew ýaryşyň ýeňijisi we "Türkmen Erkegi 2017" diýlip yglan edildi.

"Jenap Erkek" bäsleşigi üç tapgyrdan ybarat bolup, olaryň mazmuny Saglyk Ýyly we Ruhubelentlik şygary bilen baglanyşdyryldy. Birinji tapgyrda talyp ýigitler 10 sekuntda ahalteke atynyň üstündäki başarnyklaryny görkezdiler. Türkmen ýigidiniň mertebesi hasaplanylýan at çapmak ukyby erkege gündelik durmuşda zerur bolmadyk beýleki bedeniň fiziki ukyplary bilen utgaşdyrylyp görkezildi.

Ikinji tapgyrda bolsa ýigitlere özleriniň hakyky erkeklik sypatlaryny subut etmäge mümkinçilik berildi. Bu tapgyrda ýaryşa gatnaşyjylar 3 günüň içinde ortaça aýlyk hakyndan 100 esse köp bolan galyň puluny tapmaly boldular. Olardan şol 3 günde özlerine nahar bişirip, kirlerini ýuwmak talap edildi.

Soňky tapgyrda bolsa ýigitleriň bagşyçylyk we saz sungatyna bolan ukyplary derňeldi. Gatnaşyjylar türkmen dutaryny çalmakda we halk aýdymlaryny aýtmakda ussatlyklaryny görkezdiler. Aýdymlar "gaýynenäniň waspy", "gelin öýüň bezegi", "erkek nesil dowamaty" ýaly mowzuklara degişli boldy.

Bäsleşik agşamynyň esasy wakasy talyp ýigitleriň sahnada dürli öwüşginli türkmen milli lybaslaryny görkezmegi we şol lybaslar bilenem keçäniň üstünde 3 sagatlap ýassanyp çaý içip, palaw iýmekleri bilen dabarlandy.

Bäsleşikde başda belläp geçişimiz ýaly, Türkmen Oba-Hojalyk Uniwersitetiniň talyby Aman Hojakulyýew baş baýraga hemde "Türkmen Erkegi 2017" ada mynasyp boldy. Şol sanda 2-nji orny Türkmen Sungat we Çeperçilik Institutynyň talyby Serdar Begenjow, 3-nji orny hem Halkara Nebit-Gaz Institutynyň talyby Nazarguly Myradow eýeledi.

Bäsleşigiň ahyrynda ähli gatnaşyjylara syruw kremi we jorap hödürlenildi. Ýeňijilere bolsa bäsleşigiň gurnaýjylary bolan Magtymguly adyndaky Merkezi Ýaşlar Guramasy, Bilim Ministrligi we Erkekler Birleşigi tarapyndan hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

#aprilfoolsday

  • 2583 gezek okalan