DIŞ PASTALARY SAGLYK ÜÇIN HOWPLY BOLUP BILERLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Öň berlen maglumatlar çeýnelýän sakgyçlarda, diş pastalarynda we iýmit önümleriniň käbirinde (şokolad, kemputlar) titanyň dioksidiniň saklanýandygyny äşgär etdi. Ýöne adam bedenine onuň näderejede zyýanly täsir edýändigi anyklanylmady. Bu soragy aýdyňlaşdyrnak üçin Tuluza Uniwersitetiniň alymlary bilen Lýuksemburg Ylym we Tehnologiýa institutynyň işgärleri tejribe işlerini geçirdiler.

100 gije-gündiziň dowamynda laborator alakalaryň içýän suwuna titanyň dioksidiniň erginini goşdular. Tejribäniň netijeleri esasynda gemrijileriň 40%-iň içegesinde howply täze döremeleriň emele gelýändigi anyklanyldy. Bu ýagdaýyň entek rak däldigini, ýöne bu faktoryň täze döremeleriň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny bellemelidir. Bu himiki elementiň adam organizmine edýän täsirini has hem öwrenmek maksady bilen, alymlar adamlaryň gatnaşmagynda tejribeleri geçirmegi meýilleşdirýärler.

Iýmit önümlerinden başga-da, bu howply birleşme kosmetiki serişdelerde hem saklanýandyr – gün şöhlesinden goraýan kremler, bedeni idetmek üçin niýetlenen losýonlar. Ýöne diňe bir bu birleşmäni saklaýan iýmitler däl-de, eýsem ondan dem almagyň hem howplulygy bellenilýändir.

  • 771 gezek okalan