EKSPERTLER DÜNÝÄDE IŇ KÖP ÇILIM ÇEKILÝÄN ÝURTLARY KESGITLEDILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alymlaryň Halkara toparynyň agzalary dünýäde iň köp çilim çekýän ýurtlaryň reýtingini düzdüler. Bu sanawyň başyny Hytaý, Hindistan we Indoneziýa döwletleri tutdylar. Hünärmenleriň hasabyna görä, bu üç döwletde çilim çekýän we dürli temmäki önümleri ulanýan erkekleriň sany 400 mln. barabardyr.

Iň köp çilim çekýän aýallar bolsa ABŞ-da, Hytaýda, Hindistanda ýaşap, her döwletde olaryň sany 13-den 17 mln. deňdir.

Çilimkeşleriň sanynyň köplügi boýunça dördünji orny ABŞ eýeledi, birinji bäşligi bolsa Russiýa tamamlady. Olardan soň bu sanawy Bangladeş, Braziliýa, Germaniýa we Filippin döwleti dowam edýär.

  • 971 gezek okalan