ALYMLAR DÜWÜRTIKLERE GARŞY WAKSINA DÖRETDILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (2 Ses)

Köp adamlaryň ýüregedüşgünç duwurtiklerden dynma arzuwynyň ýakyn günlerde amala aşma mümkinçiligi döredi. Kaliforniýa Akademiýasynyň synagy geçirýän toparynyň ýolbaşçysy Erik K. Huanyň bellemegine görä, bu peýdaly serişdäniň döredilmegine köp ýyllar sarp edilen bolsa hem, ol öz netijeli täsirini ýaňy-ýakynlarda ýüze çykardy. Deride düwürtikleriň döremegine köplenç özünde belogyň uly mukdaryny saklaýan Propionbakterium aсnes şertli atlandyrmasy bolan bakteriýalar sebäp bolýarlar. Adamlaryň köpüsiniň bedeninde olar ýöne ýaşasalar hem, başgalarda zäherleri bölüp çykarýarlar. Bu bakteriýalar deriniň ýag işläp çykarýan mäzleriniň işjeňleşmegi bilen has köpelip başlaýarlar we alawlama hadysasyny döredýärler. Bu hadysa öz gezeginde immun ulgamynyň işläp başlamagyny tijendirýär we bakteriýanyň ýok edilmegine jogap edip ýag çykarýan mäzleriň iriňlemesine getirýär.

Synagçylar toparynyň bellemegine görä, bu täze waksina deri örtüginde bakteriýada saklanýan belogyň döredýän alawlama täsirini aradan aýyrmaga kömek berjek antitela öýjükleri özünde saklaýandyr.

Derman serişdesini döredijileriň habar bermegine görä, kliniki synaglar şowly geçirildi we ýakyn wagtda derman meýletinçilerde barlagdan geçiriler. Dermanyň synag möhleti iki ýyly düzýändir.

  • 858 gezek okalan