TÄZE BEJERGI BÖWREKLERDÄKI DAŞ KESELI BARADA UNUTMAGY KÖMEK EDER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hýusten Uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, gidroksisitrat himiki birleşmesi böwreklerdäki kalsiý oksalatyndan ybarat peşew daşlary eretmäge ukyplydyr.

Mineral maddalaryň gaty birleşmeleri böwreklerdäki daşlaryň esasyny düzüp, olar erkek adamlaryň 12%-de, aýallaryň bolsa 7%-de duş gelýändir. Daş döreme töwekgelçiligi gan basyşynyň ýokarlanma keselinde, süýjüli diabetde we semizlikde has hem ýokarlanýandyr.

Soňky 30 ýylda bu ugurda geçirilýän bejergi köp üýtgemedi. Lukmanlar köp suwuklyk kabul etmegi we oksalat saklaýan önümleri iýmekden (badam maňzy, ysmanak) saklanmagy, käwagtlar bolsa daş kristallaryň ösmegini togtadýan kaliý sitratyny ulanmagy maslahat berýärler.

Gidroksisitrat himiki düzümi boýunça kaliý sirtatyna meňzeş bolsa-da, ol kristallaryň üsti bilen berk birleşmäni döredýär we daşlary eredýändir. Bu birleşmäniň täsiri ýedi sany meýletinçide barlanyldy. Olar bu himiki birleşmäni üç günüň dowamynda kabul etdiler. Olaryň diňe bir böwrekleriniň işiniň gowlaşandygy syn edilmän, eýsem oksalat bilen birleşmeleriň peşew bilen çykarylmagy hem bellenildi.

  • 891 gezek okalan