SAGDYN NESIL – AÝDYŇ GELJEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (48 Ses)

1-nji Iýun, Halkara Çagalar Güni – Türkmen ene-atalaryna oýlanyşykly hereketler etmäge goldaw bermek isleýärmiň? Islegiňi bu haýyr-sahawat kampaniýasyna goşulmak arkaly hasyl et!

Biz hem, Saglyk topary bolup, iýun aýynyň soňuna çenli dowam etjek ýörite haýyr-sahawat kampaniýasyny gurnadyk. Sen hem bu ähmiýetli işe öz goşandyňy goşup bilersiň!

Saglyk türkmen ene-atalarynyň çagalaryna bolan yhlasyny we çagalary bilen aragatnaşyklaryny ösdürmäge bolan çäksiz tagallalaryny dabaralandyrýar. Saglyk.org türkmen ene-atalaryny çagalaryň we ýetginjekleriň fiziki, ruhy, jynsy saglygy barada ýerlikli we ylma esaslanan türkmen dilindäki maglumatlar, materiallar bilen üpjün edýän ýeketäk platformadyr.

Saglyk.org-nyň çagalaryň saglygyna we ösüp ýetişişine degişli 200-den gowrak hemmetaraplaýyn makala we blog ýygyndysy bar. Şeýle-de bolsa, talaplar we çagalaryň psihiki we fiziki saglygyna degişli türkmen dilindäki maglumatlary ideýän ene-atalaryň sany barha artýar.

Türkmenistandaky çagalaryň sagdyn ösmegine maddy peşgeş & ýardam bermek arkaly goşant goşmagyňyzy haýyş edýäris. Siziň goldawyňyz bize çaga we ýetginjek saglygyna degişli mugt, ygtybarly, ylmy esaslara daýanýan maglumatlary köpeltmekde we ilata hödürlemekde alyp barýan işlerimizde ullakan kömek bolar. Türkmen ene-atalary hem, bu işlerimiziň netijesinde düşünjeli we oýlanyşykly hereketler edip bilerler.

Şu salga geçipkampaniýa goşulup bilersiň.

Şu haýyr-sahawat kampaniýasy barady öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Türkmenleriň "Ýekäniň çaňy çykmaz" diýip aýdyşy ýaly, biz ýekelikde köp zady etmegi başarmarys. Şonuň üçin-de, biz Seniň ýardamyňa mätaç! Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma!

  • 2724 gezek okalan