1-7-nji AWGUST – ENE SÜÝDÜNIŇ BÜTINDÜNÝÄ HEPDELIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (6 Ses)

Dünýäde çaga emdirip oturan aýaldan

owadan zenan görmedim.

Etýen Reý

Gadymy rowaýatlarda aýdylşyna görä, sungatyň howandary Apollon ýediaýlyk bolup dünýä inipdir. Ol 4 günüň içinde şeýle bir ösüp bekäpdir welin, özüne ýaý bilen peýkamy getirmeklerini buýrupdyr. Onuň şeýle çalt ösmeginiň syryny hudaýlaryň iýmiti – ambroziýa bilen iýmitlenmeginden görüpdirler. Häzirki wagtda bu üýtgeşik iýmitiň nämedigini we nähili tagamynyň bardygyny bilmesek-de, ýer ýüzünde ambroziýa – hudaýlaryň iýmitine taý geljek nähili iýmit barka diýlip soralsa, säginmän – ene süýdi diýip aýtmak bolar.

Çaga dünýä inenden soň enäniň göwsünden ilkinji süýt, çaga üçin örän peýdaly bolan sary reňkli goýy owuz süýdi (moloziwo) bölünip çykýar. Owuz süýdi çaganyň ösüşine ýardam berýän maddalara we A, C, E, B12 witaminlere örän baýdyr. Şonuň üçin çaga dünýä inenden soň oňa haýal etmän ene süýdüni bermäge çalyşmaly.

Ene süýdi emýän çaga üçin bahasyna ýetip bolmajak iýmitdir. Ol mineral duzlara we mikroelementlere baýdyr. Onuň düzümindäki mis we demir sygyr süýdündäkiden köpdür. Ondaky süýt şekeri (laktoza) içege ýokançlyklarynyň ösüşini togtatmaga ukyplydyr. Ol içegede kadaly floranyň döremegine oňaýly täsir edýär. Şeýle hem ol kalsiýniň özleşmegine kömek edýär. Taurin we ýag turşulary  görmek ukybyna we merkezi nerw ulgamyna täsir etse, laktoferrin  demriň özleşmegine kömek edip, ol çagada gan azlygyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Ene süýdündäki glýukoza we ýaglar çaganyň beýnisuniň ösmegine ýardam berýär. Kalsiý we beýleki maddalar bolsa çaganyň süňkleriniň dogry ösmeklerini üpjün edýärler.

Ene süýdi immunoglobulinlere (gorag bölejiklerine) baýdyr. Bu bolsa çagany ýokanç, aşgazan-içege we sowuklama kesellerinden goraýar. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä,ene süýdi bilen iýmitlenmeklik süýji we skleroz ýaly keselleriň  ýüze çykmagyny azaldýar. Ähli geçirilen barlaglaryň esasynda ene süýdüniň çagada howply çişiň ösmegine garşy durmak ukybyny döredýändigi anyklandy.Bu ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr.

Ene süýdünde çaganyň dürli ýokançlyklara bolan durnuklylygyny ýokarlandyrýan gorag öýjükleri (antitela) hem bolýar. Ilkinji aýlarda enäniň süýdi arkaly çaganyň bedenine gyzamyga,täjihoraza we beýleki ýokançlyklara garşy gorag öýjükleri geçýär. Çaga enäniň süýdi bilen witaminler we gormonlar alýar. Ene süýdi siňňitlilik üçin hem gowudyr.    

Ene süýdi bilen emdirmek çaga bilen enäniň arasynda sagdyn aragatnaşygyň emele gelmegine ýardam edýär, munuň özi bolsa çaganyň ruhy taýdan kadaly ösmegi üçin örän möhümdir. Çagany ene süýdi bilen emdirmeklik enäniň wagtyny we güýjüni tygşytlaýar. Şonuň üçin her bir ene süýdüniň köp bolmagy barada alada etmeli.

Ene süýdüniň ýokumlylygy köp derejede enäniň iýmitine bagly. Şonuň üçin enäniň gündeki kabul edýän iýmiti ýokumly bolup, onda beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň, witaminleriň we mineral duzlaryň bolmagy möhümdir. Munuň üçin çaga emdirýän enäniň dynç almaga ýeterlik wagty bolmaly we oňa dürli iýimitler zerurdyr. Emdirýän ene bir gije-gündüzde 2 litre golaý suwuklyk içmelidir. Olara kefir, gatyk içmeklik hem peýdalydyr. Enede ýeterlik mukdarda süýt bolmagy üçin onuň durmuş şertleriniň, ýagny gezelenç etmeginiň, zähmeti we dynç alşy dogry gezekleşdirmegiň möhüm ähmiýeti bar. Çaga emdirýän ene gije-gündüziň dowamynda  8 sagatdan az ýatmaly däldir. Eger onuň ukusynyň arasy yzygiderli bozulup dursa, ol hökman süýdüň azalmagyna getirer. Süýdüň azalmagynyň öňüni almak üçin diňe bir enäniň kadalary saklamagy we dogry iýmitlenmegi däl,eýsem çagany emdirmek kadasyny saklamak we her gezek çaga emdirilenden soň süýt mäzlerini doly boşatmak (sagyp aýyrmak) hem zerurdyr. Çünki beýle etmeklik süýt mäzleriniň sekresiýasyny sazlaýar, olarda çişiň döremeginiň howpuny azaldýar. Eger göwüsde süýt has az bolsa, ony köpeltmek üçin çaga göwsi has köp (8-10 gezek) bermeli.

Çaganyň gije-gündizde emmeli süýdüniň mukdaryny, adatça, çaganyň özi kesgitleýär. Ýöne "ýapyşyp ýatan" çagalar hem bolýar, olar hemişe gereginden artyk emýärler.Ýöne munuň tersine çagalaryň "ýaltalaram" bolýar. Şunuň ýaly çagalar ýeterlik emiş hereketini etmän, emmesini agzynda saklap, şol durşuna hem uklap galýarlar. Ähli halatlarda-da çagany 20 minutdan artyk emdirip oturmagyň geregi ýokdur.

Eger çaga birsyhly doýmasa, ol birahat we aglak bolýar, agramyny ýitirýär, soňra onda iglilik alamaty peýda bolýar. Şonuň üçin çagany dogry iýmitlendirmek  we wagtly-wagtyna lukmana görkezmek zerurudyr.     

6 aýdan soňra çaga ene süýdünden daşary goşmaça naharlar bermek bolar.Ýöne şonda-da çagany azyndan 2 ýaşyna çanli emdirmeklik peýdalydyr.

Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmeklik aýallaryň göwüslerinde we ýumurtgalyklarynda çişiň (ragyň) döremeginiň öňüni alýandyr.

Ene süýdüniň sagdyn we howpsuz bolmagy üçin :

  • Çagaňyzyň duýmagy mümkin bolan sarymsak, sogan, pyrtykal, şokolad ýaly iýmitlrden gaça duruň.Ýöne her bir çaganyň ol ýa-da beýleki iýmitleri şahsy kabul edip bilmezlik ukyby bolýar. Bu hem köplenç, aýallaryň göwrelilik wagty nähili iýmitlenendigine bagly.
  • Lukmandan maslahat alman, hiç hili derman içmeli däl,çünki ol süýde geçip,çaga zyýan bolmagy mümkin.
  • Kofe içmekden saklanmaly ýa-da ony çäklendirmeli.
  • Iç geçiriji serişdelerden seresap bolmaly,ýagny olar çaga hem öz täsirini ýetirip bilerler. Eger iýmit siňdiriş kynçylygy bar bolsa,onda gök önümleri we miweleri iýmeli.
  • Himiki goşundylary köp goşulan iýmitleri iýmeli däl. Onümleri satyn alanyňyzda olaryň düzümine üns beriň.

Özüňizi rahat alyp baryň. Birahatlyk süýdüň azalmagyna ýa-da onuň kesilmegine getirip biler.

  • 3982 gezek okalan