AWGUST AÝYNYŇ IKINJI ÝEKŞENBESI – TÜRKMEN GAWUNYNYŇ BAÝRAMYDYR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

Gawun baradaky iň irki  maglumatlar gadym döwurlere degişlidir (Gadymy Müsür, Arawiýa  ýarymadasy). Orta asyrlarda  Orta Aziýadaky musulman halklarynyň arasynda hem gawun iň datly iýmit hasaplanylýardy.  Esasanam, Oraz aýynda agyz beklenende gawuna taý geljek zat ýokdy. 12-13 asyrlarda gawun Russiýa-da getirilýär.

Gawun kädiler maşgalasyna degişli birýyllyk otjumak bakja ösümligidir. Onuň agramy 200 grammdan 20 kilograma çenli bolýar.  Häzirki döwürde Türkmenistanda  gawunyň ösdürilip ýetişdirilişine, onuň görnüş köpdürliligine, gadymdan galan ajaýyp görnüşleriniň  gorap saklamaklygyna  yokary derejede uly üns berilýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolnandan soň, her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesi Türkmen gawunynyň baýramy döwlet derejesinde bellenilýär.  Bu bolsa öz gezeginde türkmenleriň gawuna goýýan sarpasyna şaýatlyk edýär.

Adamyň umumy ösüşinde, onuň dogry iýmitlenmeginde gawunyň bitirýän işi az däl. "Peýdaly zat süýji bolmaýar" diýýärler. Gawun bolsa hem peýdaly, hem örän süýji. Gawunyň ýa-da garpyzyň haýsysynyň süýjüdigi baradaky jedeller üznüksizdir. Olaryň ikisem Allanyň adama eçilen hazynasydyr.

Kädiler maşgalasyndan bolan bu ajaýyp iýmiş gadymdan bäri iň oňat desert (nahardan soň iýilýän süýji tagam) hasaplanylýar. Mundan başga-da gawunyň bejeriş häsiýetleri hem bar.

Adama ýetirýän täsiri özboluşlydyr. Gawunyň 100 gramynda 30-38 kkal bardyr. Olaryň sany gawunyň hiline, görnüşine bagly bolýar. Gawunyň kaloriýalarynyň az bolanlygy  sebäpli, horlanmak üçin berhiz saklananda iýmek maslahat berilýär. Muňa garamazdan, gawunyň bir özüni  üç günden artyk iýmek maslahat berilmeýär.

Gawunyň düzümindäki witaminler

Foliý turşulygy ýa-da B9, A witamini, P witamini, C witamini, beta-karotin gawunyň düzümine girýän witaminlerdir.

B9 (foliý turşulygy) gawunyň düzümindäki  iň gymmatly witamindir. B9 önüm bişirilende, ýitýär. Gawuny bolsa biz terligine, sowuklygyna iýýäris. Bu süýji miwedäki B9 witamin bolsa öz gymmatyny ýitirmeýär. Şeýle hem B9 witamini göwreli  aýallar üçin örän peýdalydyr. Aýbaşydan galma döwrüni başyndan geçirýän aýallar üçin hem foliý turşulygy zerurdyr. Ýatkeşligi has gowulandyrmak üçin, ruhyçökgünlik ýagdaýlardan çykmak üçin hem  gawun iýmek peýdaly.

Gawunyň düzümindäki C witamini adam bedenini sowukda  dürli kesellerden goraýar, olaryň öňüni alýar. Ajaýyp tagamly gawuny köpräk iýsek, C witamini bizi ýylyň dowamynda gorar.

Beta-karotin deriniň we saçlaryň sagdyn, owadan bolmagyna ýardam berýär. Güne  sagdyn we gowy  öwüşginli  garalmagy  isleseňiz, onda öz iýmitiňize hökman gawuny hem goşuň. Ol siziň garalmagyňyzyň  endigan  bolmagyny we  uzak wagtlap saklanylmagyny üpjün eder.

Gawun etinde A witamini köp. Şol sebäpli ol kosmetologiýada  giňden ulanylýar. Gawun etinden  dürli kosmetiki ýapgylar hem taýýarlanylýar. Olar derini has ýumşak, dodaklary ter edýärler, gözlere we saçlara öwüşgin çaýýarlar. Owunjak dogralan gawun etini  bir ýarym aýyň dowamynda ýüzüňize  ýapgy etseňiz, ýüzüňiziň reňki gowulaşar.

Gawundaky witaminler  siziň bedeniňiziň kesellere durnuklylygyny berkider we  sowuk, çygly  howada size  ýardam berer.

Gawunyň düzümindäki superoksiddismutaza fermenti  adamyň keýpini göterýär, ukusyzlyk, ýadawlyk, gaharjaňlyk ýaly ýakymsyz hadysalardan goraýar. Superoksiddismutaza  beden dokumalarynyň zeperlenmeginiň öňüni  alýar.

Gawunyň düzümindäki mikroelementler onuň bejeriş täsiriniň güýjüni artdyrýar.

Gawunyň eti kremnä baýdyr. Adam bedeniniň dokumalaryna, derisine, nerw süýümlerine, saça kremniý zerurdyr. Gawunda demir hem köpdir. Ganazlykda onuň ähmiýeti uludyr.

Ýürek-damar kesellerinde gawundaky  kaliý we magniý örän peýdalydyr.

Gawunyň düzümindäki witaminler we mikroelementler diňe zenan maşgalalar üçin peýdaly bolman, eýsem erkek adamlar üçin hem ähmiýetlidir. Gawunyň çigitleri  gadym döwürlerden bäri güýçli afrodiziak (erkeklik güýjini artdyrýan madda) hökmünde ulanylýar. Gawun çigitlerini alyp guradyň. Olary ýönekeý çigitlemek ýa-da bala garyp iýmek bolýar. Emma dalaga zyýan ýetirmezlik üçin, günüň dowamynda  2 grammdan köp çigit iýmeli däl.

Öt haltada, peşew ýollarynda daş bolsa, gawun iýmek örän peýdalydyr.

Köp mukdarda saklanylýan ösümlik süýümleri - gawunyň düzümindäki peýdaly maddalaryň esasylarynyň biridir.  Häzirkizaman lukmançylygynda ol köplenç  bedeni we içegeleri arassalamak  üçin  ulanylýar.  Süýümler bedendäki zäherli maddalary çykarmaga ýardam berýär. Bedeni arassalamagyň bu usulynyň zyýanly taraplary hem bar:

  1. Süýt önümleri ýa-da alkogol içgileri bilen gawun iýlende, iýmit siňdiriş ulgamynda bozulmalar ýüze çykýar.
  2. Çaga  emdirýän eneler gawun iýende, çagada içgeçme bolup biler.
  3. Gawunyň düzüminde şekeriň mukdarynyň köplügi sebäpli, ony  iýmek süýji keselliler üçin zyýanlydyr.
  4. Aşgazan-içege ulgamyň kesellerinde-de gawun iýmek maslahat berilmeýär.
  5. Aşgazanyň baş keselinde we nemli örtüginiň alawlama ýagdaýlarynda gawun iýmek bolmaýar.

Gawuny nädip iýmeli?

Gawuny haýsy iýmit önümler bilen iýmeliligi baradaky  mesele örän wajypdyr. Gawunyň nädogry iýilmegi aşgazanyň agyrmagyna we  onuň işiniň bozulmagyna eltýär. Gawuny beýleki iýmit  önümleri, naharlar bilen iýilmese, has gowy bolýar. Onuň ýeke özüni iýmek maslahat  berilýär.

Gawuny ajöze iýmek hem zyýanly bolýar. Bişmedik gawuny iýmekden gaça durmaly. Bişen gawunyň baldajygy ýogynrak bolýar, ysy hem örän ýakymlydyr. Gawun agyrrak bolsa, bişenligini aňladýar. 

Gawunyň  kakadylan  görnüşiniň hem peýdasy az däl. Türkmenistanda we Gündogar ýurtlarynda  gawun kaky hemmelere diýen ýaly tanyşdyr. Kak bilen içilen çaýyň lezzeti üýtgeşik ýakymly bolýar. Kakadylanda,gawunyň düzümindäki witaminleriň we mikroelementleriň ählisi  diýen ýaly saklanyp galýar. Kak hem gawun ýaly suwsuzlygy gandyrýar we  bedeni zyýanly maddalardan arassalaýýar.

Gawundan mürepbe, džem, marmelad taýýarlanylýar. Ony marinada ýatyryp hem iýýärler, dürli içgileri taýýarlaýarlar.

Gawunyň diňe özi däl-de, hatda ysy hem jana lezzet berýär. Onuň ysyny alsaň, dessine iýesiň gelýär!

Gawunyň dürli görnüşleriniň barlygy ählimize mälim hakykat. Onuň iň gowulary Tükmenistanda ösdürilip ýetişdirilýär diýsek, öte geçmeris. Biziň ýurdumyzdaky gawunlar dünýä bellidir: waharman, garrygyz, gulaby...

Her bir türkmen öz ýaşaýşyny gawunsyz göz öňüne getirmeýär. Tomus paslynyň yssy günlerinde ter, sowujak gawundyr garpyza taý geljek zat ýok bolsa gerek.

Gawun iýip, lezzet alyň! Işdäňiz açyk bolsun!

  • 6505 gezek okalan