ALYMLAR ADAMLARYŇ JUDA KÖP DUZ IÝÝÄNDIKLERINI AÝDÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

Alymlaryň pikirine görä, tutuş adamzadyň saglygyny gowulandyrmak üçin iýilýän nahar duzunyň mukdaryny azaltmalydyr. Olar Birleşen milletler guramasyny geljekki 10 ýylyň içinde dünýäde duzuň sarp edilmegini azaltmak ugrunda degişli çäreleri geçirmäge çagyrýarlar.

British Medical Journal atly britan lukmançylyk žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijelerinde indiki 10 ýylyň içinde ulanyljak duzuň mukdaryny bary-ýogy 15%  azaldylsa, 8,5 million adamyň janyny halas  edip bolar diýip aýdylýar.

Ylmy işiň awtorlary çilim çekmeklige garşy göreşden soň, adamlaryň iýmitindäki artykmaç duzuň azaldylmagynyň planetanyň ýaşaýjylarynyň  saglygyny gowulandyrmagyň  iň netijeli usulydygyna BMG-niň ünsüni çekýär.

Alymlaryň pikirine görä, adamlaryň duzy az iýmeklerini  jemgyýetçilik mahabatlandyrmaly arkaly däl-de, döwletiň azyk senagatynyň düzgünleşdirilmegi arkaly gazanylmaly. 

Sebäbi adamyň bedenine iýmit bilen düşýän duzuň köp mukdary azyk kärhanalarynda önüm taýýarlananda goşulýar.

Ylmy işiň awtorlarynyň belleýşi ýaly, öň duzuň adam saglygyna  ýaramaz täsir edýändigi barada käbir şübheler bolan bolsa-da, indi bu şübheler bütinleý aýrylandyr. Duzuň ýaramaz täsir edýändigi doly subut edilendir.

Duz – gan basyş – infarkt

Duzuň gan basyşyny ýokralandyrýandygy we  ýürek-damar keselleriniň döremek töwekgelligini  artdyrýandygy öňden mälim zat. Muňa köp sanly barlaglar şaýatlyk edýärler.

Alymlar dünýädäki ähli adamlar  öz iýmitlerinde duzuň ulanylmagyny ep-esli azaltmalydyr diýip hasaplaýarlar.

Amerikada häzirki wagtda ulanylýan duzuň mukdarynyň üçden bir bölegini kemeltseler, bu saglygy goraýyş ulgamynda  24 milliard dollary  tygşytlap, müňlerçe  adamyň halas edilmegine mümkinçilik berer.

Ähli infarktlaryň  we yüregagyry tutgaýlarynyň 70%-mi ösüp barýan ýurtlaryň paýyna düşýär. Şol sebäpli  barlaglary geçiren alymlar iýmitdäki duzuň  azaldylmagy global netijeleri berer diýip hasaplaýarlar.

Emma duzy gaýtadan işleýän senagatynyň wekillik edýän guramasy Demirgazyk  Amerikanyň duz Instituty barlaglaryň netijeleri bilen ylalaşmaýar. Ol  duzuň  ulanylyş mukdaryny  azaltmak zerurlygynyň  hakyky ylmy maglumatlara däl-de, ilatyň arasynda ýaýran toslamalara esaslanan diýip hasaplaýar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3360 gezek okalan