19-NJY AWGUST – YNSANPERWERLIK KÖMEGINIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Ynsanperwerlik kömegi – haýyr-sahawat kömeginiň bir görnüşi bolup, heläkçiligiň howp salýan ýa-da dürli heläkçilige duçar bolan ýurtlaryň ilatynyň arasynda, durmuş üçin wajyp bolan serişdeleri mugt ýaýratmagy göz öňüne tutýandyr. Bu sene 2008-nji ýylda BMG tarapyndan yglan edildi.

"...Ynsanperwerlik kömegini  azyk önümleri, egin-eşikler, derman serişdeleri görnüşde bermek bolýandyr. Ýöne bu kömek beden şikeslerini ýetirip ýa-da ölümiň sebäbi bolup biljek ýaraglaryň dürli görnüşini, awtoulag serişdeleri we şolara meňzeş zatlar bilen üpjün etmegi öz içine alýan däldir" diýip, Halkara Kazyýeti ýaragly çaknyşyklar wagtynda berilýän ynsanperwerlik kömeginiň derejesini kesgitleýär. Ynsanperwerlik kömegi daşary ýurt kömeginden özwagtlylygy bilen tapawutlanýandyr hem-de betbagtçylyga uçran adamlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Ynsanperwerlik kömegi hökminde ýörite saklanyşy talap etmeýän we uzak möhletleýin azyk önümleri, derman serişdeleri, agyz suwy, ýyly egin-eşikler, ýaşaýyş çadyrlary, ýangyç ýaly serişdeler bilen üpjün edip bolýar.

Taryha göz aýlasak, ynsanperwerlik kömegini ilki bilen dini guramalar berip başlaýar. XVIII we XIX asyrlarda Ýewropada we Demirgazyk Amerikada hereket edýän missionerçilik guramalary   daşary ýurt ýaşaýjylarynyň arasynda diňe hristiançylygy ýaýratman, olara ynsanperwerlik kömegini hem beripdirler. Dünýäniň dürli künjeklerindäki ilatynyň zerur bolan talaplaryny öz watandaşlaryna ýetirip, olar aýry jemgyýetçilik toparlarynyň öz geçirýän işi üçin pul goýbermeklerini gazanypdyr.

XX asyrda, iki jahan urşunyň arasynda, guramalar tarapyndan berlen meýletin kömek ermeni halkynyň yzarlanmalaryna sezewar edilenleri halas etmekde we 1920-nji ýylda Russiýada bolan açlyk bilen göreşmekde uly netijeleri berdi.

Ikinji jahan urşundan soň, ynsanperwerlik kömegini bermek bilen meşgullanýan dünýewi we dini guramalaryň sany köpelýär. Hristian kömegi, Gare International, Bütindünýä ybadathana gullugy ýaly guramalar Ikinji jahan urşundan öň dörän bolsalar hem, olar uruşdan soň has hem giň gerim bilen işläp başladylar.

Soňky 15 ýylyň içinde dürli betbagtçylyklaryň pidasy bolan ilata döwlete degişli däl guramalar tarapyndan edilýän ynsanperwerlik kömeginiň mukdary artdy.

Birleşen Milletler guramasynda (BMG) ynsanperwerlik kömegine degişli soraglary sazlaşdyrýan uprawleniýe döredildi. Bu uprawleniýe ynsanperwerlik kömegi syýasatyny alyp barmak düzgünlerine gözegçilik edip, bu meselä jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge we doly maglumat ýetirmäge ýardam berýändir. Şeýle hem, ol ýaragly çaknyşyklar dörände hem-de ynsanperwerlik kömegi saklanylanda ýüze çykjak kynçylyklaryň netijesini jemgyýetçilige düşündirýändir.

BMG-de ynsanperwerlik kömeginiň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan bölümler bardyr:                            

1. BMG-niyň bosgunlar meselesi boýunça Baş komissarlygy.

Bu  bölüm basybalyjylykly uruşlar we yzarlanmalardan gaçýan adamlara, bosgunlara kömek edýändir. Öz 50 ýyldan hem köp taryhy döwründe komissarlyk 50 milliona golaý bosguna kömek etdi.

Dünýäniň 110 sany ýurdunda işleýän 6300 işgäri 32,9 mln adama kömek bermegini dowam edýär.

Bulara 9,7 mln bosgunçylykda ýaşaýan adamlar we 1,1 mlnyzyna gaýdyp gelen bosgunlar degişlidir.

2. Bütindünýä azyk maksatnamasy.

Adatdan daşary ýagdaýlarda azyk kömegini bermekde dünýäde iň uly gurama bolup durýandyr.

2007-nji ýylda 87,8 mln adama azyk kömegini berip, şolardan, 78 ýurtda ýaşaýan 56 mln çagalardyr.

3. BNG-nyň çagalar fondy (ÝUNISEF)

Soňky 10 ýyllykda 300 mln çaga esger höküminde söweşmäge alyndy we uruş zerarly 2 mln çaga heläk boldy, ýene-de 6 mln çaga agyr ýaralanyp, maýyp galdylar. Uruş sebäpli 13 mln çaga ýurdunda dürli ýerlere göçmäge mejbur bolýandyrlar we 10 mln bosgun çagalaryň köpüsi ene-atasyndan jyda düşendirler.

ÝUNISEF-iň esasy işi çagalaryň talabyny berjaý edip, olary azyk önümleri, agyz suwy, ýaşar ýaly ýer  we derman serişdeleri bilen üpjün etmekdir.

4. Adatdan daşary ýagdaýlara gözegçilik edýän Merkezi fondy.

BMG-si tarapyndan 2005-nji ýylda döredilip, tebigy  betbagtçylyk we uruşdan ejir çekenlere öz wagtynda we doly göwrümde ynsanperwerlik kömegini bermek üçin maliýeleşdirilen gurama bolup durýandyr. Fond kömek berýän halkara guramalaryň  serişdelerini kabul etmegi we ýaýratmagy üpjün edýändir.

  • 3090 gezek okalan