26-NJY SENTÝABR — ÝÜREGI GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Ýürek! Bedeniň ýene haýsy agzasy ýürek kimin söýüp we ýigrenip, çydap hem-de gaharlanyp tolgunmadan ýaňa bolsa, guş ýaly pelpelläp bilýärkä?!

Ýürek durmuşyň nyşany bolup durýar, çünki onuň birinji hereketi-ýaşaýşyň başyny başlasa, iň soňkusy ölümi aňladýar.

Ömrüň bütün dowamynda ýürek beden üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Özüniň uzak zähmet ýolunda ol ägirt uly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýar: nerw dartgynlylygy, ýokary gan basyşy, ýokançlyklar, infarktyň döremegi , çilimkeşlik, ykdysady kynçylyklar, alkogolizm...

Häzirki döwürde ýürek keselleri barada maglumatlary almaga giň mümkinçilikler bar. Ýürek keselleri aýallarda we erkeklerde deň derejede ýüze çykyp bilýär. Aşa semizlikden, gan basyşynyň ýokarlanmasyndan ejir çekýän adamlar, çilimkeşler, sport bilen meşgullanmaýan we gandaky holesteriniň derejesine gözegçilik etmeýän adamlar "töwekgellik toparyna" degişlidir. Olaryň infarkta duçar bolmagy ähtimaldyr.

"Bolanda näme? Ahyry ölmeli dälmi?" diýen soragy berjekler hem az däldir. Ýöne hatda öz saglyklaryna geleňsizlik edýänler-de bu ajaýyp durmuşyň iň gyzykly pursatynda onuň bilen hoşlaşmak isleýän däldirler. Hakykata ýüzleneliň: biziň ýüregimiziň we öýkenimiziň saglyk ýagdaýyna birgiden sebäpler täsir edýär. Şonuň üçin-de, olary goramak örän wajypdyr.

Ýüregagyra perwaýsyz garamak – özüňi jezalandyrmak

Ýokarda agzalyp geçilen sebäpleriň täsiri bilen, ýürek gan damarlarynyň gysylmagy netjesinde ýüze çykýan ýürek agyry keseli, ýüregiň infarkty bilen bilelikde, ýüregiň işemiýa keseliniň (ÝIK) görnüşleri bolup durýandyr.

ÝIK-i, onkologiki keseller we süýji keseli bilen bir hatarda, dünýäde ölümçilige getirýän keselleriň arasynda birinji orunlarda durýandyr.

90-97% ýagdaýlarda işemiýa keseliniň esasy sebäbi ýürek damarlarynyň aterosklerozy bolýar.

Ondan başga-da, bu keseliň döremeginde ganyň lagtalanyş faktorlarynyň bozulmagy hem uly töwekgelçilik toparyny döredýär. 

Ýürek-damar keselleriniň ýygy duş gelýänleriniň ýene-de biri aterosklerozdyr.

Ateroskleroz – howply keseldir. Holesterin damaryň on goterimini tutýança, bu keseliň hiç bir alamatlary ýüze çykmaýar. Şol sebäpli alymlar häzirki döwürde bu kesel barada öz pikirlerini üýtgedip, ony gartaşan adamlaryň keseli hasaplamaýarlar. Aterosklerotik üýtgemeleriň eýýam 25 - 30 ýaşdaky adamlaryň damarlarynda bolup geçýändigi anyklanyldy. Beýni we ýürek aterosklerozyndan başga-da adamlaryň köpüsinde aýaklarynyň damarlarynda göze görünmeýän aterosklerotiki üýtgeşmeler bolup geçýär. Senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýaşaýjylary aterosklerozyň döremegine has köp sezewar bolýarlar. Aterosklerozyň köp damarlara zyýan ýetirýändigi sebäpli, ony bejermek örän kyn bolýar. Käte operasiýalar hem kömek edip bilmeýär. Damarlarymyzyň geçirijiligi peselýär, ganyň birboluşly kadaly akymy bozulýar. Damarlar gysylyp başlaýar. Damarlaryň gysylmagy netijesinde arterial gan basyş beýgelýär, sebäbi gan damarlardan geçer ýaly ýürek damarlary ony zarp bilen itýär. Netijede , gan basyşy beýgelýär.

Käbir ýagdaýlarda ýokary gan basyşyny derman serişdeleri bilen bejermek mümkin. Emma gan basyşyň yzygider kadalaşmagy üçin ýaşaýyş endikleriňizi üýtgedip, sport bilen meşgullanmaly, maşklary ýerine ýetirmeli. Gan damarlaryndaky holesterini azaltmak üçin, iýmitlenişiňize üns beriň, ony üýtgediň.

Ýürek keselleriniň öňüni almak

  • Çilim çekmegi bes ediň. Bu başda bir kyn mesele ýaly görünýär. Çilimkeşlik ýönekeý ýaramaz endik däl-de, neşekeşlik ýaly agyr keseldir, sebäbi nikotin hem agyr neşeler ýaly özüne öwrenişdirýär.
  • Nikotiniň düzüminde gan damarlaryny zaýalaýan we öýkeni gowşadýan himiki maddalar bardyr. Bu bolsa öz gezeginde demgysma, infarkt, öýken emfizemasy, başaýlanma tutgaýlary ýaly keselleri döredýär.
  • Günüň dowamynda 20-30 minut fiziki maşklary ýerine ýetiriň.
  • Basgançakdan ýokaryk galyň. Her üç basgançakdan soň, dyzy epilen aýagyňyzy galdyryp, bir aýagyňyzda oturyp turuň. Ona çenli sanaň. Aýagyňyzy çalşyp, maşky gaýtalaň.
  • Sagdyn iýmitleniň. Zerur bolsa, multiwitaminleri kabul ediň.
  • Iýmitiňizi kletçatka bilen baýlaşdyryň. Kletçatka ir-iýmişlerde, dürli şülelerde, arpada we beýleki azyk önümlerinde bolýandyr. Ýagly, gowrulan tagamlary iýmek maslahat berilmeýär. Köpräk alma, armyt ýaly gök önümleri iýiň.

Nerw dartgynlygy , gaýgy-alada hem ýürek keselleriniň döremegine eltip biler. Adam işden boşadylanda, ýakynlarynyň birini ýitirende, ýanýoldaşy bilen aýrylyşanda, ol agyr duýgulary başyndan geçirýär, ýüregine agram salýar. Şeýle ýagdaýlarda infarktyň döremegi adamlaryň ýaş aýratynlyklaryna bagly bolmaýar: ol ýaşlarda hem, garrylarda hem deň derejede döräp bilýär.

Käte adamlar gaýgy-aladalaryny beýlekilere duýdurmajak bolup, ähli zady ýüreklerine salýarlar. Derdiňizi , biýnjalyk edýän meseläňizi töweregiňizdäki ýakynlaryňyz bilen paýlaşyň, ýüregiňiz giňär, dartgynlyk gowşar.

Işe günde-günaşa höwessiz gitmek siziň öz ýerine ýetirýän işiňizden göwnüňiziň hoş bolmaýandygyny aňladýar. Şol işden dynjak boluň, başarnygyňyza we ukybyňyza görä täze iş gözleniň. Iň bolmanda iş agramyňyzy ýeňilleşdiriň. Iş üçin saglygyňyzy gurban etmäň! Wagtly- wagtynda dynç almagy unutmaň!

Uzak ýaşamagyň syrlary:

  1. Wagtyňyzyň köp bölegini açyk arassa howada geçiriň.
  2. Ir ýatyp, ir turuň.
  3. Alty sagatdan az we ýedi ýarym sagatdan köp ýatmaň.
  4. Käte çaý we kofe içiň, alkogol içgilerinden gaça duruň.
  5. Günüň dowamynda eti 1 gezekden artyk iýmäň.
  6. Günde irden gyzgyn suwa düşüniň.
  7. Hepdede 1 gezek hiç iş etmän, dynç alyň.
  8. Çendenaşa tolgunmaň, agyr işi çen bilen ediň.
  9. Yssy otaglardan gaça duruň.
  10. Endamyňyza ýakymly we rahat egin-eşik geýiň.

Bulardan başga-da, töwerekde bolup geçýän zatlara garaýşyňyzda hem deňagramlylygy saklajak bolmaly . Bir waka sizi gynandyrsa, gaharlandyrsa, öz-özüňizi köşeşdirmäge çalşyň. Sebäbi ählimize mälim bolşy ýaly, nerw öýjükler şikeslenenden soň, dikelmeýärler. Şeýle hem gahar-gazap, gaýgy-gussa gan basyşymyza, ýüregimize zyýanly täsirini ýetirýär.

Şu kadalary berjaý etseňiz, fiziki maşklary ýerine ýetirseňiz, sport bilen meşgullansaňyz, söýgi ýaly ýakymly duýgulardan lezzet alsaňyz, Siz öz ýüregiňizi dürli kesellerden gorap bilersiňiz!

  • 3625 gezek okalan