28-NJI SENTÝABR – GUDUZLAMA KESELINE GARŞY GÖREŞIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Guduzlama ölüm howply ýokançly keseldir. Her ýylda ýer ýüzünde guduzlama keselinden 55 müň adam aradan çykýar. Esasan hem Afrika we Aziýa ýurtlarynda bu kesel bilen bagly ölümçilik ýokarydyr. Orsýetde her ýylda guduzlama 9-10 adamyň ömür tanapyny üzýär.

Guduzlamany rabdowiruslar maşgalasyna degişli wirus döredip, ol nerw öýjükleri dargadyjy häsiýete eýedir. Wirus köp faktorlara durnuksyz bolup, diňe aşaky temperaturalara çydamlydyr.

Doňdurylan ýagdaýynda ol 4 aýa çenli, dargap barýan zatlarda 2-3 hepdä çenli saklanyp bilýändir.

Gaýnatma wirusy 2 minutdan öldürýändir. Şonuň üçin hem, dişleme netijesinde gan ýa-da haýwanlaryň tüýküligi bilen hapalanan eşikleri gaýnatmak peýdaly çäreleriň biridir.

Guduzlama keseli diňe haýwanlardan geçip bilýändir. Ýabany haýwanlardan kesel ýaýradyjylar hökmünde tilkiler (esasy ýaýradyjylar), möjekler, şagallar, ýarganatlar howpludyr. Öý haýwanlaryndan bolsa pişikler we itler howply bolup durýarlar. Gemrijiler (belkalar, öý towşanlary, syçanlar, alakalar) az howpludyr.

Guduzlamanyň wirusy keselli haýwanlaryň derini dişlemegi ýa-da tüýküliginiň degmesi  netijesinde bedene düşýändir. Biraz wagt (6-12 gün) wirus düşen ýerinde saklanyp, soňundan nerw süýümleriniň üsti bilen oňurga ýiligine hem-de beýnä aralaşýar. Nerw öýjüklerinde ýygnanyp hem-de köpelip, beýniň içki örtüginiň zeperlenmegine (ensefalite) getirýärler.

Ölüme getirme ähtimallygy (hem-de inkubasion döwrüniň dowamlylygy) dişlenen ýere baglydyr.

Meselem, ýüzden dişlenen bolsa,  keselleme, şonuň ýaly-da ölmek ähtimallygy 90%-e, ellerden dişlenende - 63%-e, aýakdan dişlenende – 23%-e deňdir. Dişlenen beden agzasy nerw süýümlerine näçe baý boldugyça, şonça-da wirus çalt tizlikde merkezi nerw ulgamyna aralaşýandyr.

Kelleden, boýundan, ellerden dişlenme örän howply bolup, göwreden, aýakdan dişlenme onçakly howply däldir.

Keseliň alamatlarynyň ýüze çykmagyndan 3-5 gün öň, wirusyň tüýkülik mäzlerine düşýänligini ýatda saklamalydyr. Şonuň üçin hem, haýwan adamyny dişlände  daşyndan sag ýaly bolup görünse-de, onuň tüýküligi ýokançlydyr.

Ýokuşma wagtyndan (haýwanyň dişlemesi ýa-da tüýküliginiň düşmegi) keseliň birinji alamatlary ýüze çykýança 10 günden 2 aýa çenli wagt geçýändir. Bu döwür 5 güne çenli gysgalyp ýa-da 1 ýyla çenli uzalyp hem bilýändir.

Keseliň alamatlary ýüze çykandan soň, näsagy halas edip bolmaýar. Şonuň üçin hem, öz wagtynda waksinasiýa geçirmek netijesinde keseliň öňüni almak ýeke-täk wajyp çäre bolup durýandyr.

Haýwanlar tarapdan dişlenme bilen, guduzlamadan ölen haýwanlaryň, şonuň ýaly-da bu keselden ölen adamlaryň jesedi kesilende, deriniň şikeslenmesini alan adamlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek hemme lukmançylyk edaralary tarapyndan amala aşyrylyandyr .

Ýaranyň ýerli işlenmegi.

Dişlenen ýarany işlemek hökmany çäredir. Şikeslenmeden soň, ýara näçe çalt we gowy  ýuwulsa, şonça-da wirusy "ýok etme" kepillendirmesi ýokarlanýar.

1. Ýaranyň, dyrçanaklanan ýerleri we haýwanyň tüýküligi düşen başga ýerleri gaýragoýulmasyz ýagdaýda sabynly suw bilen ýuwmalydyr (sabyn guduzlama wirusynyň işjeňligini peseldýär).

Ondan soň ýarany arassa suw bilen ýuwup, wodorod turşusy bilen işlemelidir. Ýarany usullyk bilen we tiz ýuwmak, synalýan haýwanlaryň 90 %-de keseliň ýüze çykmagynyň öňüni alanlygy barada geçirilen synag işleri güwä geçýär.

2. Ýaranyň gyralary 5%-li yoduň spirtli ergini bilen ýa-da 1%-li göwherli ýaşyl bilen işlenilmelidir. Dişlenen ýaranyň özi hiç erginler bilen ýakylmaýar.

3. Işlenmeden soň ýara arassa daňy goýulýar. Ýara ýelmeşmez ýaly, häzirki wagtda ulanylýan gidroskopiki (suwuklygy sorup alýan) serişdeleri ulanmak peýdalydyr.

4. Dişlenmeden soň birinji üç günüň içinde hirurgiki bejeriş çärelerini (ýaranyň gyralaryny kesip aýyrmak, islendik dilikleri etmek, tikin goýmak) geçirmek gadagandyr.

Uly ýaralanmalardan (derä tikin goýmaly bolanda) ýa-da kelleden dişlenen ýagdaýyndan( bedeniň bu böleginde gan bilen üpjünçilik ýokarydyr) başga halatlarda dişlenen ýara tikin goýulmaýar. Sebäbi bu ýaralaryň iriňleme yagdaýy ýygy duş gelýändir.

Gan akmanyň öňüni almak üçin gan akýan damary tikmek rugsat berilýändir.

5. Gyssagly ýagdaýda bürme keseliniň öňüni alyş hem-de ýokançlyklara garşy bejergi çärelerini geçirmek babatdaky soragy çözmelidir.

Başga ýaralar bilen deňeşdirlende, dişlenen ýaralar 2-4 esse ýygy iriňleýändir. Daş-töwerekden düşýän dürli ýokançlyklardan başga-da, dişlenen ýarada haýwanyň agzyndan düşýän ýokançlyklar hem saklanýar.

Itleriň we pişikleriň dişlemesinden soňky ýaralar has haýal bitýändirler. Dişlenen ýaranyň iriňlemesi, soňundan ýaranyň ýerinde gödek tyglaryň galmagyna getirýär.

Iriňlemeleriň öňüni almak üçin dişlenmeden soň birinji 2 sagatda antibiotik serişdelerini ulanmak peýdaly hasaplanýar.

6. Guduzlama garşy öňüni alyş sanjymlary we immunoglobulin bilen begergini başlamak üçin  heläk bolany trawmotologiýa otaglaryna ibermelidir. Her bir heläk bolan adamyny guduzlama keseliniň howplulygy, haýwanlara gözegçilik etmegiň wagtlary, öňüni alyş sanjymlardan ýüz döndermegiň getirýän netijeleri barada habardar etmelidir.

Dişlenmeden soňky waksinasiýa.

Guduzlama garşy (antirabiki) ilkinji çäreleri hirurg lukman geçirýär. Guduzlama garşy waksina kömek üçin ýüz tutulmasynyň birinji güni edilýär.

1993-nji ýyldan bäri arassalanan we konsentirlenen waksinanyň görnüşiniň ulanylýanlygy sebäpli, sanjymlaryň sanyny we mukdaryny azaltmak mümkinçiligi döredi. (Garnyň derisiniň aşagyna goýberilýän 20-30 sany sanjymlary ýatdan çykarmaly).

Waksina 1 ml mukdarda ululara we ýetginjeklere delta görnüşli myşsa, çagalara bolsa buduň daş ýüzüne goýberilýär.

Guýruk myşsasyna sanjymy goýbermek bolmaýar.

Waksinasiýanyň geçiriş tertibi bäş sany myşsa edilýän sanjymlardan ybaratdyr: ýüz tutulan güni (0 gün), 3-nji,7-nji, 14-nji we sanjymlar başlan gününden 30-njy gün.

Käbir dişlenen adamlara 90-njy gün (6-njy sanjym) hem sanjym edilýär.

Waksinasiýa 96-98% ýagdaýlarda guduzlama keseliniň döreme ýagdaýynyň öňüni alýar. Ýöne öňüni alyş  sanjymlary geçirmek, dişlenmeden soň 14 günden köp bolmadyk wagtda has hem netijelidir. Oňa garamazdan, waksinasiýany guduzlan ýa-da oňa güman edilýän haýwanlar bilen gatnaşykdan birnäçe aý geçenden soň hem geçirýärler.

Antitelalar (bedeniň göreşiji öýjükleri) sanjymlar başlanandan 2 hepde soň döräp, 30-40 günden olaryň sany has hem ýokarlanýandyr. Şonuň üçin hem keseliň tiz ýüze çykyp biljek ýagdaýlarynda (kelläni, boýny, elleri dişleme, bedeniň köp ýerinden dişlenmelerinde), guduzlama garşy immunoglobulin hem goşmaça (waksinasiýa bilen bilelikde) goýberilýär.

Immunoglobulin bilen bejergini dişlenmeden soň birinji 24 sagadyň dowamynda başlaýarlar. (Ol dişlenmekden soňky 3 günden we waksinasiýanyň 3-nji sanjymyndan öň ulanylmalydyr).

Adatça adam immunoglobuliniň 20 ME(Halkara birligi)/kg sanjym  bir gezek ulanylýar. Bu mukdaryň ýarysy dişlenen ýaranyň töweregine bölekleýin goýberilse (ýaranyň özüne hem sepmek bolýar), ikinji bölegi buduň ýokarky bölegine goýberilýär. (guýruk myşsasyna hem goýbermek bolýar).

Guduzlama garşy sanjym edilende, waksinalary we immunoglobulini  bir şprisden goýbermek bolmaýar.

Waksinasiýa tapgyry geçirilýän wagty we ondan soň 6 aýyň dowamynda alkogol içgileri kabul etmek, çendenaşa fiziki ýadawlylyk, güne ýanmak ýa-da hammama (sauna) gitmek, üşemek gadagandyr. Bu faktorlaryň  hemmesi waksinanyň täsirini gowşadyp, döreýän antitelalaryň mukdaryny peseldýändir.

Guduzlama ölüm howply kesel bolany üçin dişlenmeden soňky geçirilýn waksinasiýalara garşy görkezmeler bellenilmeýär.

Göwrelilik ýagdaýa we ýiti kesellere garamazdan, hemme heläk bolanlara waksinasiýa edilmelidir.

BSGG-nyň ekspertleriniň bellemegine görä, deriniň şikesleniş derejesine we dişlenmeleriň sanyna görä, waksinasiýa çäresine dürli çemeleşmeler bolup biler.

1. Guduzlama garşy waksinasiýa aşakdaky ýagdaýlarda geçirilmeýär:

  • Şikeslenmedik derä haýwanyň degmegi ýa-da tüýküligini degirmegi;
  • Petli galyň matanyň üstünden dişlenip, matanyň ýyrtylmadyk ýagdaýynda;
  • Soňky bir ýylyň dowamynda guduzlama garşy sanjym alan we bu keseliň alamatlary bolmadyk öý haýwanlary tarapyndan dişlenme ýüze çykan ýagdaýyda.

Soňky bellenen düzgüne garamazdan, dişlenmeden soň haýwanlara gözegçilik etmelidir.Sebäbi öňüni alyş sanjymlary alan haýwanlaryň hem guduzlamany ýaýradyanlygy barada deliller bellidir.

Eger 10 günüň içinde haýwanda guduzlamanyň alamatlary ýüze çyksa, waksinasiýa sanjymlary başlamalydyr.

2. Guduzlama garşy waksinasiýa aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär: öňüni alyş sanjymyny almadyk öý haýwany ýa-da ýabany haýwan dişlände, dyrnaçaklanan hem-de şikeslenen derä onuň tüýküligi düşen ýagdaýlarynda.

Eger dişlän haýwan belli bolsa (öý haýwany), oňa 10 günläp gözegçilik geçirilýändir. Şol döwürde adam 3 sany öňüni alyş sanjymyny alyp ýetişýändir.

Eger 10 gün geçenden soň hem, haýwan sag bolsa ýa-da ölen bolsa (meselem, ony atyp öldürdiler) we ölen haýwanyň beýnisi barlananda guduzlamany häsiýetlendirýän alamatlar tapylmasa, waksinasiýa geçirmek bes edilýändir.

Waksinasiýa çäresi geçirlende hem, guduzlamadan ölüm ýagdaýlary dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler:  heläk bolanyň wagtynda lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmanlygy, waksinasiýadan ýüz öwürme ýagdaýlary, geçirilýän waksinasiýa tapgyryny özbaşdak bes etme ýagdaýlary degişlidir.

Guduzlama keseline getirip biljek islendik ýagdaýlar ýüze çykanda, haýal etmän lukmana ýüz tutmak Siziň ömrüňizi halas eder!

  • 5099 gezek okalan