ATALYK TESTOSTERONYŇ DEREJESINI PESELDÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

Alymlaryň barlaglar esasynda ýüze çykaran maglumatlaryna görä, maşgalada çaga dünýä inenden soň, erkekleriň ganynda testosteronyň derejesi peselýändir.

ABŞ-nyň demirgazyk-günbatar uniwerstitetiniň biologlarynyň tassyklamagyna görä, erkeklik gormonlarynyň peselmegi, ýaş atalary maşgala mäkäm baglaýandyr we ondan daşky gatnaşyklaryň döreme mümkinçiligini peseldýändir.

Testosteron erkek adamynyň seksual işjeňligini ýokarlandyryp, zenan maşgalanyň ünsüni gazanmaga kömek edýär.

Proceedings of the National Academy of Sciences amerkan neşirýatynda çap edilen makalada, ata bolmazdan öň we soň synagdan geçen 624 ýaş adamynyň gatnaşmagynda geçirilen barlaglaryň  netijeleri beýan edilýär.

Testosteronyň derejesiniň çaga doglandan soň ep-esli peselýändigini barlaglar görkezýär.

Çagasynyň ýaşy bir aýlyga ýetmedik, seýle hem täze bolan çaga işjeň ideg edýän atalarda tesrosteronyň derejesi has hem peselýändir.

Biologiki   sebäpleri

Işler Filippinde geçirildi. Alyp baryjy barlagçy Kristofer Kuzawanyň pikirine görä, nesliňi ösdürmek üçin gerek güýji üpjün etmek, hemme maşgalanyň gatnaşmagyny talap edýändir.

"Pes derejeli testosteronly erkek adamlar berk maşgala gatnaşyklaryna we çaga ideg etmäge ukyply diýen piker bilen ylalaşylsa, geçirilen barlaglar ewolýusion manyny saklap biler" - diýip  Allan Peýsi belleýär.

"Atalaryň biologiki jähtden öz ornuna baglydygyny biziň barlaglarymyz görkezdi" - diýip Kuzawa belleýär.

"Atalyk, esasan hem maşgalada täze çaga dünýä inende, düýpli emosianal, ruhy we fiziki üýtgemeleri talap edýändir. Şol talaplary kanagatlandyrmak üçin adamynyň biologiýasynyň hakykatdan hem üýtgäp biljekdigini biziň barlaglarymyz görkezýär" - diýip, alym öz pikirini beýan edýär.

Barlagçylaryň pikirine görä,testosteronyň pes derejesi köp dowamly kesellerden gorap biler. Bu bolsa, öýlenen erkek adamlaryň we atalaryň,  olaryň deň-duşlary bolan ýalňyz erkek adamlar bilen deňeşdirlende saglygynyň berkligini düşündirip biler.

Endokrinologlar jemgyýetiniň wekili, professor Eşli Crossmanyň pikirine görä, durmuş bilen biologiýa "biziň piker edişimizden hem, has inçe we uýgunlaşma ukyplydyr".

"Bu bolsa, çagany dünýä indermek we tebiýelemek döwürleriniň arasynda gormonal we häsiýetiň üýtgeme deňagramlylygynyň  barlygyny görkezýär. Olaryň biri ýokary, beýlekisi-pes testosteronyň derejesini talap edýändir".

Şeffild uniwerstitetiniň andrologiýa boýunça baş mugallymy Allan Peýsi, barlaglaryň netijesiniň örän gyzyklydygyny  belleýär.

"Erkek adamlarda, düzgün bolşy ýaly, testosteronyň derejesi kän üýtgemeýär. Ol ýaş gitdigiçe haýallyk bilen peselip, käbir keselleriň we bejeriş usullaryň täsiri bilen üýtgäp biler. Ýöne maşgala durmuşy bilen baglylykda onuň birden üýtgemegi örän gyzyklydyr" - diýip, alym aýdýar.

"Pes derejeli testosteronly erkek adamlar, berk maşgala gatnaşyklaryna we çaga ideg etmäge ukyply diýen piker bilen ylalaşsak, geçirilen barlaglar ewolýusion manyny saklap biler" - diýip Peýsi dowam edýär. Näme-de bolsa, bu barada uly ynam bilen aýtmazdan öň, testosteronyň derejesi bilen häsiýetiň üýtgemeginiň arabaglanşygyny barlap görmek wajypdyr.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3109 gezek okalan