10-NJY OKTÝABR – RUHY SAGLYGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Biz beden saglygyny goramagyň usullary barada köp gürrüň edyäris, dürli keselleriň öňüni almagyň ýollaryny gözleýäris.Ýöne biziň haýsy birimiz özüniň ya-da ýakynynyň ruhy saglygy babatda gyzyklanyp gördükä?! Ruhy saglygyň hem edil beden saglygy ýaly goraga mätäçligini Siz bilýärsiňizmi?

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ruhy saglygy (psihiki ýa-da mental saglygy) – adamyň öz içki mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga we amala aşyrmaga, adaty durmuş stressi bilen göreşmäge, ýokary hilli we öndürijilikli işlemäge, sonuň ýaly-da öz ýaşaýan jemgyýetiniň durmuşynyň özgerdilmegine goşant goşmaga ukyply bolan ýagdaýdyr.

Ruhy  saglygyň hilini kesgitleýän talaplara aşakdakylar degişlidir:

  • Öz bedeniňi we ruhy dünýäňi hemişe bir bitewlilikde duýmak;
  • Birmeňzeş ýagdaýlarda başdan geçirýän duýgularyň hem meňzeş bolmagy;
  • Özüňi we öz ruhy işjeňliginiň netijelerini tankytlamaga ukyplylyk;
  • Ruhy işjeňligiň daşky gurşawyň, sosial özgermeleriň täsirine gabat gelmegi;
  • Sosial düzgünlere, kanunlara laýyklykda öz häsiýetleriňe gözegçilik etmäge ukyplylyk;
  • Öz durmuş hyýallaryňy meýilleşdirmäge we olary durmuşa geçirmäge ukyplylyk;
  • Durmuşda ýuze çykyan dürli ýagdaýlara baglylykda, özüňi alyp baryş hereketleriňi üýtgetmäge ukyplylygyň bolmagy.

Hemme döwürlerde hem bolşy ýaly, öz ýaşaýan jemgyýetiniň psihiki we sosial ülňülerine gabat gelmeýän sahsyýetler ruhy keselli diýip tapawutlandyrylmaga töwekgel bolupdyrlar. Sonuň bilen birlikde hem, dürli wagtlarda şol bir we dürli medeniýetiň içinde-de, ruhy kesellere aýry-aýry garaýyş bolupdyr.

Amerikanlylaryň pikirinden tapawutlylykda, amerikan indeýlerinde görüş gallýusinasiýalaryň (göze görünmek) adaty ýagdaý hasaplanmagy ýokarda aýdylanlara mysal bolup biler.Ýene bir mysal beçebazlyga bolan garaýşyň üýtgemegidir. Beçebazlyk öňler jenaýatçylyk hasaplansa, soňlar ruhy kesel diýip hasaplanypdyr. Häzirki wagtda bolsa ol ýagdaýy seksual uýgunlaşmanyň bir görnüşi diýip hasaplaýarlar.

Beden kesellerinde bolşy ýaly, ruhy keselleriň hem ýüze çykmagyna sebäp bolup biljek faktorlar bardyr:

1.   Biologiki faktorlar

  • uzaga çekýän ukyusyzlyk;
  • dowamly agyryny başdan geçirmek;
  • genetiki sebäpleriň utgaşmasy;
  • kiçi agram bilen doglan çagalar;
  • beden keselleriň agyr görnüşi;
  • beýnide neýrohimiki deňagramlylygyň bozulmagy;
  • ýetginjeklik göwreliliginiň bolmagy.

2.   Psihiki faktorlar:

  • okuwa ýetişikligiň pesligi;
  • ünsüň pesligi;
  • adam gatnaşyklarynyň düzgünlerine eýermezlik;
  • emosional taýdan kämilleşmedik we özüne gözegçiligi bolmadyk adamlar;
  • ruhy ýagdaya täsir edýän serişdeleri kabul etmek;
  • ýalňyzlyk;
  • okamak ukybynyň bozulmagy;
  • sosial uýgunlaşmagyň bozulmagy;
  • duýujylygy amala aşyrýan agzalaryň işiniň bozulmagy hem-de fiziki ýetmezçilik;
  • zähmet çekmekligi başarmazlyk we zyýanly endikler.

3.   Sosial faktorlar:

  • akyly üýtgän ýa-da dowamly keselli näsaglara seretmek;
  • çaganyň tebiýesine üns bermezlik we oňa garşy güýç ulanmak;
  • uly ýaşly adama gazaply, güýç ulanmak bilen daraşma;
  • güýç ulanma, psihiki şikeslenmä sezewar bolmak;
  • maşgala dawalary we onuň dargamagy;
  • ene-atalar tarapyndan ruhy saglyga täsir edýän serişdeleriň kabul edilmegi;
  • ene-atalaryň ruhy keselleri;
  • ýakyn adamlaryňy ýitirmek (olaryň ölümi).
  • ruhy saglygyňa zeper ýetirýän wakalary başdan geçirme;
  • sosial ösüş basgançagyň aşagynda ýerleşmek;
  • öýsüzlik we işsizlik;
  • sowatsyzlyk.

Ruhy bozulmalaryň öňüni almak üçin lukmançylyk işgärleriniň, sosial gullugyň işgärleriniň, çagalar we ýetginjekler bilen işleýän tejribeli mugallymlaryň, hukuk goraýyş edaralaryň işgärleriniň gatnaşmagynda döwlet tarapyndan gollanylýan, ýörite taýynlanan meýilnamalar boýunça işiň alnyp barylmagy wajypdyr.

Öňüni alyş çäreleri, üç derejeli çäreler toplumy geçirmekden ybaratdyr.

1.   Ilkinji çäreler:

  • beýniniň şikeslenmegi netijesinde ýüze çykjak ruhy bozulmalaryň alamatlarynyň öňüni almak ýa-da olary azaltmak;
  • howpsuz awtoulaglary döretmek ýa-da howpsuzlyk guşaklary ulanmak netijesinde ýol-ulag şikeslenmeleriniň öňüni almak;
  • jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň (AIDS hem şol sanda) öňüni almak üçin tötänleýin jynsy gatnaşyklardan gaça durmaklyk we degişli goraglylyk çärelerini geçirmek babatda wagyz- nesihat işlerini geçirmek;
  • alkogol içgileri kabul etmegiň howpsuz derejeleri barada gerekli maslahatlary berip, maglumaty ýetirme;
  • çagalara fiziki we seksual zulum etmekligiň öňüni almak, olarda howsalalyk we gamgynlylyk ýagdaýlarynyň döremeginiň öňüni almak üçin howpsyz, peýdaly şertleri döretmek degişlidir.

2.   Ikinji derejeli çäreler – maýyplyga getirýän operasiýalary (meselem, elden ýa-da aýakdan mahrum bolma) geçiren, dul galan ýaş aýallar, çagalaryny eke özleri terbiýeleýän we ýakyn adamlary bolmadyk, işleýän aýallar, öňki dogrumlarda dogrumdan soňky gamgynlylyk ýagdaýyna sezewar bolan aýallar we ş.m. töwekgelçilik toparyna girýänlere geçirilmelidir.

3.   Öňüni alyş çäreleriniň üçünji derejeli görnüşi, degişli kömeksiz agyr gaýraüzülmelere we maýyplyga getirip biljek ruhy keselli adamlara (meselem, dowamly psihozdan ejir çekýänlere) geçirilmelidir.

  • 3212 gezek okalan