13–NJI OKTÝABR – GÖZÜŇ GÖRÜŞINI GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Adam gözlerine "kalbyň aýnasy" diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Gözler diňe bir daş- töwerek bilen aragatnaşygy üpjün etmän, ol biziň içki duýgularymyzy beýan etmäge hem kömek edýär.

Gözler gülüp hem, söýüp hem bilýär. Gözlerden dörän gorkyny, alaçsyzlygy, ýigrenji hem "okap" bolýar.

Biziň döwrümizde gözlere düşýän agramyň birnäçe esse artýanlygy hemmämize mälimdir. Önümçilikde inçe mehanizmleri we takyk enjamlary ýygnamak gözleriňi ýadadýar. Işde resmi iş kagyzlary bilen işlemek hem uly ünsi talap edýär.

Ofisde, düzgün bolşy ýaly, biz uzak günümizi kompýuteriň başynda geçirýäris.

Öýde hem gözlere dynç bermek kän bir başardyp barmaýar: işleri ýerine ýetirenimizden soň, telewizor görmek, ýene kompýuterden peýdalanmak ýa-da kitap okamak... Şonuň üçin gözler diňe gije dynç almaga mümkinçilik tapýarlar.

Bu ýagdaý çagalarda has hem uly howsala döredýär. Olar gysga wagtyň içinde, uly möçberde okuw derslerini özleşdirmeli bolýarlar, goşmaça sapaklaryň dowamlylygy artýar. Okuw sapaklaryň köp wagty talap edýänligi sebäpli,çagalara dynç almaga, sport bilen meşgullanmaga az wagt galýar.

Köplenç çaganyň ýakyn "dostlary" bolan kompýuter bilen telewizor, arassa howadaky gezelenjiň, mähirli söhbetdeşligiň ýerini tutýar. Şonuň üçin, çagalaryň gözlerine hem, uly adamlaryňkydan az bolmadyk agram düşýär. Netijede, çagalaryň sanaýmalysy kadaly görüş bilen mekdebi tamamlaýar.

Lukmanlar görşüň bozulmalarynyň döremeginde töwekgelçilik toparyny belleýärler:

  • hünärleri boýunça gözlerine uly agram bermeli bolýan adamlar;
  • güýçli ýagtylyk şöhleleri bilen işleýän adamlar (meselem, kebşirleýjiler, sofit çyralaryň täsiri);
  • Kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňünde günde iki sagatdan artyk oturýan adamlaryň ählisi;
  • çilimkeşlik (çilim çekmek, gözüň torly perdesiniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň ýüze çykmagyny 6 esse ýokarlandyrýar);
  • 40 ýaşdan uly adamlar;
  • gözleri açyk reňkli adamlar;
  • garyň ýa-da suwuň ýüzünden gün şöhleleriniň serpikmeginiň netijesinde döreýän ýagtylygyň täsirine düşýän türgenler (alpinistler, lyžaçylar).

Biziň köpümiz, gözler bilen uzak dümtünmeden soň gözümiziň ýadama alamatlaryny duýýarys.

Ol alamatlara gözlerde döreýän agyry, "gözlere gum sepilen" ýaly duýgy, kellagyrylar degişlidir.

Göz keselleriniň köpelmegi köp sebäplere baglydyr: gözüň dowamly ýadawlylyk ýagdaýy, olaryň ýeterlik türgenleşdirilmezligi, gözüň daşyndaky we içindäki myşsalarynyň gowşaklygy degişli bolup biler.

Bedeniň başga agzalaryna gerek bolşy ýaly, göze  hem ideg etmegi unutmaly däldir. Gözüň saglygy, göz gigiýenasy düzgünleriniň berjaý edilişine, türgenleşdirme çäreleriniň geçirilişine, işleýän we dynç alýan otagyňyzyň ýagtylandyrylşyna, iýmitlenşiňize, hatda dem alşyňyza hem baglydyr.

Gözüň saglygy babatda alada etmäge kömek eder ýaly, Sizi birnäçe ýönekeýje düzgünler bilen tanyşdyrasymyz gelýär.

Gözüňizi ýygy-ýygydan gyrpyň. Gözi gyrpma, onuň arassalanmagyna we nemlenmegine kömek edýär. Görüşi pes adamlar, biygtyýar öz gözlerini giňden açýarlar we seýrek gyrpýarlar. Bu gözde ýadawlylyk, dartgynlylyk döredýär. Her 3-5 sekuntdan gözleriňizi gyrpmaga çalşyň.

Gözleriňiz gaty ýadanda şu maşklary hem ulanmak peýdalydyr:

  • Elleriňiziň aýasy ýylylyk duýýança biri-birine sürtüň. Aýaňyzy ýapyk gözleriňiziň üstünde goýuň. Ondan soň gözleriňizi açyň we garaňkylyga serediň.Bu maşky 5-15 min dowamynda ýerine ýetirmek bolýar.
  • Gözleriňizi haýallyk bilen saga öwrüň, soňra öňki ýagdaýa getirip, beýleki tarapa serediň. Maşky birnäçe gezek gaýtalaň.
  • Birnäçe sekunt burnuňyzyň ujuna serediň, soňra gözüňizi öňki ýagdaýyna getirip, ony birnäçe sekunt ýumuň.
  • Gözleriňiziň myşsalary dartgynlylyk duýar ýaly, mümkin boldugyndan, gözleri 3 sekunt mäkäm ýapyň. Soňra olary çalt açyň we birnäçe gezek gyrpyň.Bu maşk gözüň myşsalaryny gowşatmaga kömek edýär.
  • Daş-töwerekdäki zatlara seredip, gezelenç etmäge çalşyň. Gözüňizi uzakdaky we ýakyndaky zatlarda gezekleşdirip saklap, daşdan gowy görmezlik ýagdaýynyň döremeginiň öňüni alyp bilersiňiz.

Biziň gözlerimiz iýmitlenmä we dynç almaga hem mätäçdir. Esasan hem göz üçin gün şöhleleriniň täsiri möhümdir. Adaty ýagtylykda biziň gözlerimiz gowy görüp, uzak wagt täsir edýän emeli ýagtylandyrmanyň biziň gözlerimize we bütün beden saglygyna ýaramaz täsir edýänligi hemmämize aýandyr. Gözler tebigy ýagtylygyň şöhleleriniň täsiri bilen, daş-töwerekde bar bolan reňkleriň hemme  utgaşmalaryny kabul etmäge ukyply bolýar. Ýöne gün ýagtylygynyň düzüminiň ýaramaz şöhleleri ( ultramelewşe, gök, gök-melewşe spektri) gözüň organiki dokumalarynyň düzümini dargadyp, gözüň ýiti we dowamly keselleriniň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biljekdigini ýatda saklamalydyrys. Şonuň üçin hem, ýiti gün şöhleleriniň aşagynda uzak wagt bolanyňyzda, günden goraýan äýneklerden peýdalanmagy unutmaly däldir.

Gözlere çendenaşa agram berlende, görüş ulgamynyň işini kadalaşdyryjy serişdelerden peýdalanmak ýerliklidir. Tebigy serişdeleri ulanmak has hem amatly we peýdalydyr. Asyrlar boýy, görüşi güýçlendirmekde çernikanyň bejeriş häsiýetleri aýratyn bellenip gelinýär.

Çernikanyň düzümi organiki turşulyklardan (limon, alma, şawel, ýakut), minerallardan (demriň, kükürdiň, sinkiň, hromyň, misiň, marganesiň duzlary), witaminlerden (A, C, PP, B toparyň görnüşleri), spirt we efir ýaglaryndan ybaratdyr.

Bu miwäniň peýdalylygy onuň düzüminiň ýokumlylygy bilen düşündirilýär.

Çernika gözüň görüş ýitiligini güýçlendirýär, ýagtylyga duýgur gözüň torly bardasynyň täzelenip durmagyna ýardam berýär.

Çernikanyň spirtli ergininiň 30 damjasyny 1 stakan suwa goşup, günde 3 gezek içiň ýa-da günde çernikanyň şiresiniň 2 stakanyny kabul etmäge çalşyň.

Görüşi gowulandyrmakda we ýagtylyga duýgurlylygy kadalaşdyrmakda  lýuteiniň orny uludyr. Ol tebigy birleşmeler bolan karotinoidler toparyna degişli bolup, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýyna işjeň gatnaşýandyr. Lýutein pomidorda köp mukdarda saklanyp, ol gyzyl we sary ir-iýmişlerde we gök önümlerde duş gelýär.

Gözüň saglygy barada aýdylanda, A witaminiň peýdasy barada hem aýtman geçip bolmaz. Bu witamin bize pes ýagtylykda hem görejiň ýitiligini saklamaga kömek edýär.

A witamini  käşirde, goýy-ýaşyl ýaprakly bakja önümlerinde, ysmanakda, ýumurtgada, mesgede, peýnirde, süýtde köp mukdarda saklanýandyr.

Görüşi gowulandyrmagyň ýene bir usuly: her gün täze taýynlanan käşir şiresiniň bir bulguryny kabul ediň. A witamini gowy özleşer ýaly, oňa biraz ösümlik ýagyny goşuň. Ondan başga-da, gaýmak ýa-da osümlik ýagy goşulan, käsirli işdäaçarlary iýmek tagamly hem-de peýdalydyr.

Çörekde, sülede, noýbada, bagyrda, bananda saklanýan B toparyň witaminleri bolsa gözüň gyzarmagyny azaldyp, ýagtylyk duýujylygyny peseldýändir.

Gözlere düşýän agramy azaltma barada gürrüň etsek hem, belli derejede gözleriň işläp durmagyny gazanmalydyr. Äýnekleri ýa-da galtaşykly linzalary ulanýan adamlar, wagtyň geçmegi bilen has güýçli äýnekleri saýlap almaly bolýarlar. Bu ýagdaý gözleriň äýneklere öwrenşip, özbaşdak işlemeklerini bes edýänligi bilen düşündirilýär. Sonuň üçin hem gözler işläp, myşsalaryny berkider ýaly, biraz gowşak äýneklerden peýdalanmak maslahat berilýär.

Ýöne äýneklerden we linzalardan seýrek peýdalanyp, ýörite maşklary kadaly ýerine ýetirmek, görüşi gowulandyrmaga kömek edip biler. Bu babatda Siz oftalmolog lukmany bilen maslahatlaşmalysyňyz.

Arkaňyzy dik tutuň. "Onuň gözler bilen näme arabaglanşygy barka?" - diýip soramagyňyz mümkin. Gözüň görüşi, bedeniň, esasan hem onuň ýokarky böleginiň – döşüň, boýunlaryň, egniň, ýüzüň myşsalarynyň dartgynlylygyna baglydyr.

Maňlaýňyzy, eginleri, äňiňizi gowşatmagy ýatdan çykarmaň. Bu görüş ulgamyny ýeterlik gan we kislorod bilen üpjün etmäge kömek eder.

Tutuş kükregiňiz bilen dem alyň. Dem almada kislorodyň 30%-i görüş ulgamynyň myşsalaryna, nerwlerine we beýni merkezlerine düşýändir. Çuň we kadaly dem alyň. Beýle etme bedeniňizi gowşatmaga, ünsüňizi jemlemäge we görüş dartgynlylygy we umumy ýadawlygy aýyrmaga kömek berýändir.

  • 3681 gezek okalan