ÖSÝÄN ÝURTLARDA ÇAGALARYŇ ÖLÜMÇILIGINIŇ DEREJESI HENIZ-DE ÖRÄN ÝOKARYDYR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

Lancet atly lukmançylyk žurnalynda çap edilen makalada Birleşen milletler guramasynyň (BMG) zenanlaryň we çagalaryň saglyklary babatdaky "Müňýyllygyň maksatlary" atly maksatnamasynyň görkezijilerine ösüp barýan 137 ýurduň diňe 9-sy ýetip biler diýip aýdylýar.

Awtorlaryň çaklamalaryna görä, subekwatorial Afrika ýurtlarynyň hiç biri çagalaryň we zenanlaryň ölümçiligini azaltmak boýunça maksatnamanyň goýan maksatlaryna 2015-nji ýyla çenli ýetip bilmez. Şol sebitlerdäki ýurtlaryň 27-si bu görkezijelere diňe 2040-njy ýylda ýetip biler. Emma makalanyň awtorlary beýleki ýurtlarda BMG-niň  tassyklan görkezijelerine ýetmekde öňe gidişligiň bardygyny belleýärler.

"Müňýyllygyň maksatlary" atly maksatnama BMG tarapyndan 2000-nji ýylda kabul edildi. Bu resminamanyň 4-nji maksadyna laýyklykda 2015-nji ýyla çenli bäş ýaşamadyk  çagalaryň arasyndaky ölümçiligiň 2/3 bölegini kemeltmek göz öňünde tutulýar (1990 ýylyň görkezijeleri bilen deňeşdirilende).

Resminamanyň 5-nji maksadyna laýyklykda 2015-nji ýyla çenli göwreli aýallaryň, şeýle-de ilkinji gezek dogurýanlaryň arasyndaky ölümçiligiň 3/4 bölegini azaltmak göz öňüne tutulýar.

Sietl şäherindäki hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýyl ýer ýüzünde 7,2 million çaga aradan çykdy. 1990-njy ýylda bolsa olaryň sany 11,6 milliona deňdi.

Soňky onýyllygyň dowamynda çaga ölümçiligini azaltmakda üstünlikleri gazanan ýurtlar hökmünde Hytaý, Ruanda we Botswana ýurtlarynyň ady agzalýar.

Göwreli aýallaryň we  çaga dogurýan aýallaryň arasyndaky ölümçiligiň iň ýokary görkezijileri Eritreýede, Liberiýada we Owganystanda bellenilýär. Bu babatdaky iň pes görkezijiler Islandiýada we Awstriýada bellenilýär.

Makalanyň awtorlary Hindistany aýratyn belläp geçýärler. Hindistan soňky 5 ýylyň içinde göwreli we çaga dogurýan aýallaryň arasyndaky ölümçiligi ep-esli kemeldendir.

Ösüşiň baş ýörelgesi

Bir ýyl mundan ozal köp ýurtlar BMG-niň "Müňýyllygyň maksatlary" atly maksatnamasynyň ýokarda agzalan iki maksadyna ýetmek üçin 25 milliard amerikan dollaryny hemaýat hökmünde bermegi karar etdiler. Emma Lancet žurnalynda çap edilen makalada saglygy goramak üçin halkara kömeginiň möçberiniň soňky ýyllaryň dowamynda garaşylan derejesinden has haýal ösýändigi bellenilýär. Makalanyň awtorlary aýallaryň we çagalaryň ölümçiliginiň görkezijilerini ýüze çykarmaklygyň usylyýet kynçylyklaryna ulaşýandygyny belleýärler. Şeýle-de olar bu görkezijileri ýüze çykarmak bilen meşgullanýan derňewçileriň işiniň akademikleriň arasynda görkezijileriň usylyýetini işläp düzmek babatda gyzgalaňly jedelleriň döremegine sebäp bolandygyny belleýärler.

Hünärmenler Piter Baýassyň we Uendi Gremiň makalasyna berlen teswirlemede: ""Müňýyllygyň maksatnamalary" atly maksatnamanyň san taýdan kesgitlenilýän görkezijileriniň ýalňyş bolmagy gaty ahmaldyr. Bu ýagdaý anyk we doly bolmadyk maglumatlar zerarly ýüze çykýandyr" diýip aýdylýar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 2639 gezek okalan