ÖÝJÜKLI (EL) TELEFONLARYŇ ULANYLMAGY RAK KESELINIŇ DÖREMEGINIŇ TÖWEKGELLIGINI ARTDYRMAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

Öýjükli telefonlaryň howpsuzlygy wagtal-wagtal jedelleriň  temasyna öwrülýär. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, öýjükli telefonlaryň we rak keseliniň döremeginiň töwekgeliginiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk ýokdur.

Öýjükli telefonlardan peýdalanýanlaryň sanynyň artmagyna baglylykda, bu  mesele soňky 20 ýylyň içinde  wagtal-wagtal gozgalýardy.

Bu meselä degişli  soňky barlaglar Daniýanyň rak epidemiologiýasy Institutynda geçirildi.  Institutyň işgärleri  18 ýylyň dowamynda hemişe öýjükli telefon  ulanan 350 000 adamyň keseliniň taryhyny öwrendiler.

Barlag geçirijileriň ählisi bir netijä geldiler:   telefon ulanýan adamlaryň  beýniside rak keseliniň döremek howpy beýleki adamlaryňkydan ýokary däldir.

Muňa garamazdan, Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 16 ýaşa ýetmediklere öýjükli aragatnaşykdan köp peýdalanmazlygy we telefon gürrüňleri mümkin boldugyça azaltmagy  maslahat berýär.

Ruhlandyryjy netijeler

Daniýaly alymlar öňki barlaglarynyň netijelerine esaslanyp, öýjükli telefonlaryndan uzak wagtyň dowamynda peýdalanylanylan ýagdaýlaryny barladylar. Netije üýtgemändi: beýnide howply çişleriň döremegi bilen öýjükli aragatnaşykdan peýdalanmagyň arasynda hiç hili baglanyşyk bellenilmedi.

Öýjükli telefondan peýdalanýan 358403 adamdan 356-synda beýniniň rak keseli, 846-synda bolsa  merkezi nerw ulgamynyň rak keseliniň beýleki görnüşleri  döredi.  Bu bolsa ortaça hasabatyň görkezijilerine deňdir. Şeýle hem telefondan 13 ýyldan hem gowrak wagt peýdalanan adamlarda   kesellemek howpy artmaýardy.

Alymlar telefonyň  has uzak wagt ulanylanda hem rak keseliniň döremeýändigini anyklamak, şeýle-de öýjükli telefonlaryň çagalaryň saglygyna täsir edişine has köp üns bermek isleýändiklerini aýdýarlar.

Şwesiýanyň  Karolina institutynyň professory Anders Albom barlag usulyna ýokary baha berip, onuň netijesiniň ruhlandyrýandygyny belledi.

Kembrij uniwersitetiniň töwekgelliklere baha bermek boýunça maslahatçy, professor Dawid Şpigelhalter  öz gezeginde öýjükli telefonlaryň ulanylmagy baradaky maglumatlaryň  baryp 1995-nji ýyla degişlidigini we diňe irki we giçki ulanyjylary deňeşdirmäge mümkinçilik berýändigini, ýöne şeýle bolsa-da, telefonlaryň çişleriň döremegine täsir etmeýändigi baradaky açyşyň örän wajypdygyny belleýär.

Alymlaryň arasynda şonda-da öýjükli telefonyň saglyga belli derejede howpludygy baradaky  käbir barlaglara esaslanýan pikir bardyr.

Şol sebäpli Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy öýjükli telefon bilen bagly meseläni kofe meselesi ýaly meseleler  bilen bir hatarda goýýar: "Howp gönüden-göni subut edilmedik, ýöne ony doly  aradan aýyryp  hem bolmaýar".

Ulanylan WEB Salgy

  • 3683 gezek okalan