GÜNÜŇ SANY: TÜRKMENISTANYŇ ILATYNYŇ 70% ALKOGOL IÇMEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dunyade alkogol icyan yurtlar

BSGG-nyň 23-nji oktýabrdaky hasabatyna görä, alkogol içgileriniň mukdaryny azaltmakdaky bütindünýä göreşinde GDA (Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy) döwletlerinden görelde alyp boljak. GDA ýurtlarynyň alkogoly azaltmakda gören çäreleri:

↪ Ýurtdaky alkogol önümçiliginiň salgytlary galdyryldy;

↪ Alkogol önümleriniň mahabatlandyrylyşy kadalaşdyryldy;

↪ Alkogol satylýan ýerlere bolan elýeterlilik çäklendirildi.

Bu çäreleriň netijesinde GDA döwletleriniň 2025-nji ýyla çenli alkogol içmegiň mukdaryny 10% azaldyp biljekdigini BSGG çaklaýar.

Goňşy ýurtlarymyza göz aýlap görsek, 2016-njy ýylda Russiýalylar adam başyna 11.7 litr alkogol kabul edipdirler. Gazagystanda 1 ýylyň dowamynda adam başyna 7.7 litr, Gyrgyzystanda 6.2 litr, Täjigistanda 3.3 litr we Özbegistanda 2.7 litr alkogol içilipdir. GDA ýurtlarynyň hemmesinde hem (Täjigistandan başga) alkogol sarp etmek mukdary 2010-njy ýyldakydan azalypdyr. Dünýäde iň köp mukdarda alkogol içýän ýurt 1 ýylda adam başyna 15.2 litre çenli ýeten Moldowa we iň az 0 litre ýeten Kuweýt bolup durýar.

BSGG-nyň 2018-nji ýyldaky hasabatyna görä, dünýäde alkogol sebäpli ýogalanlaryň sany 2016-njy ýylda 3 million adama ýetipdir (ähli ölümleriň 5.3% deň). Bu san 2016-njy ýylda inçekesel, AIW/AIDS we diabet (süýji keseli) kesellerinden ölenleriň sanyndan hem köpdür.

COVID-19, stres, we alkogolly içgiler

Dünýä Bankynyň çykaran hasabatyna görä, bu ýylky ýüze çykan pandemiýa sebäpli Merkezi Aziýa ýurtlary soňky 25 ýylyň içinde ilkinji ykdysady çökgünligi başdan geçirýärler. Onuň netijesinde, sebitdäki 1.4-1.9 million adamyň garyplyga sezewar bolmagy çaklanylýar. The Lancet žurnalynyň habarlarynda pandemiýa sebäpli öýden çykmaga girizilen çäklendirmeleriň arakhorlaryň we alkogoldan saklanyp gelýän adamlaryň alkogol kabul edişini ýokarlandyryp biljekdigi aýdylýar.

Şeýle hem, Merkezi Aziýada neşe ulanyjylar pandemiýa sebäpli neşe serişdelerini tapmakda kynçylyk çekip, onuň ýerine has köp alkogol içmäge başlapdyrlar. Öýden çykmagyň çäklendirilen döwründe hem, azyk dükanlary açyk durupdyr we alkogol önümlerini tapmakda hiç hili kynçylyk bolmandyr.

Türkmenistanda alkogol kabul edilişi nähili?

Türkmenistanlylaryň alkogol kabul edişi we onuň täsirleri hakyndaky statistikalar 2010 we 2016-njy ýyllar üçin elýeter bolup, ol BSGG-nyň 2018-nji ýyldaky çykaran hasabatynda görkezilen.

Hasabata görä Türkmenistanda:

►  2010-nji ýylda 15 ýaşdan uly adamlaryň arasynda adam başyna 6 litr alkogol içilipdir.

►  2016-njy ýylda bu san biraz azalyp, adam başyna 5.4 litre düşüpdir.

►  2016-njy ýylda ilatyň 69.6% hiç hili alkogol içmändir (41.6% hiç içip görmedik we 28% öň içip, soňra taşlan).

Alkogol içýän aýallarymyz we erkeklerimiz

Genderlere bölüp seretsek, 2016-njy ýylda erkekler adam başyna 10.3 litr alkogol içen bolsa, zenanlar 1.5 litr içipdirler. 2016-njy ýyldan soňky ýyllara degişli sanlar, gynansakda, elýeter däl.

Goşmaça maglumatlar:

◉  Türkmenistanda alkogol içmek üçin raýat iň az 21 ýaşynda bolmaly.

◉  Türkmenistanda iň köp içilen alkogolly içgileriň görnüşleri: (1) 38% arak, (2) 35% wino we (3) 27% piwo.

◉  Ýurtda alkogol kabul edýänleriň (içmeýänler degişli däl) her biri 1 ýylda 17.8 litr alkogol içýär (erkekler 22.4 litr we zenanlar 8.1 litr).

◉  Türkmenistanda ýol heläkçiliginde ýogalan erkekleriň 31% we zenanlaryň 22.9% alkogol sebäpli heläkçilige uçrapdyrlar.

Gadyrly okyjy, seniň görýän-eşidýänleriňe görä şu sanlar hakykata laýykmy?

  • 1141 gezek okalan