17-NJI NOÝABR – ÖÝKENIŇ DOWAMLY OBSTRUKTIW KESELLERINE GARŞY BÜTINDÜNÝÄ GÖREŞ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (4 Ses)

Öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri (ÖDOK) – keselleriň belli bir toplumyny (dowamly bronhit, şol sanda obstruktiw bronhit, demgysma, öýkeniň emfizemasy) öz içine alyp, bronhlaryň geçirijiliginiň wagtlaýyn ýa-da hemişelik bozulmagy (obstruksiýa) bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen dem alyş ýetmezçiliginiň döremegine we beterleşmegine getirip biler.

Dem alyş ýollarynyň obstruksiýasy – dem goýberilende, olaryň howa akymyna ýokary garşylyk  bildirmegidir.

Dürli keselleriň netijesinde dem alyş ýollaryň gysylmagy, öýkeniň emfizema keseli sebäpli, dem goýberilende ownuk bronhlaryň ýapylmagy ýa-da demgysma keselinde bolşy  ýaly, bronhlaryň gysylmagy owstruksiýanyň sebäbi bolup biler.

Çilimkeşlerde, 80-90% ýagdaýlarda ÖDOK-niň döremegi babatda töwekgelçilik ýokarlanýandyr. Olarda bu keselden dörän ölümçilik  ýokary bolup, keseliň demgysma  alamatlary çalt ýüze çykýandyr.

Ýöne çilim çekmeýän adamlaryň arasynda hem bu keseliň döreme we beterleşme ýagdaýlary selçeň däldir. Bu delil genetiki töwekgelçiligiň bardygyndan hem güwä geçýändir.

Bu keseller toplumy ykdysadyýet taýdan ösen we gür ilatly şäherlerde has ýygy duş gelýändir. Sebäbi uly şäherleriň howasy öz düzüminde köp mukdarda tozan, awtoulaglaryň we çilimiň tüssesini, senagat ulgamlaryň çykyndylaryny saklap, bronhlaryň aşa gysylmagyna getirýändir.

Ilatyň gürlügi dem alyş ýollary arkaly ýokançlyklaryň ýaýramagyna sebäp bolýandyr.

Fiziki, himiki faktorlaryň we ýokançlyklaryň bronhlaryň nemli örtügini gyjyndyrmagy netijesinde köp mukdarda  nem bölünip çykýandyr. Nem bronhlaryň geçirijiligini kynlaşdyryp, erkin dem alma bökdençlik döredýär.

ÖDOK-i ömrüň ikinji ýarymynda, köplenç 40 ýaşdan soň döreýär. Barlaglar bu keselleriň erkek adamlarda we çilim çekýän aýallaryň arasynda ýaýrandygyny görkezýär.

40-50 ýaş aralygynda döreýän keseliň irki alamatlaryna üsgülewük  degişlidir. Fiziki işjeňlikden döreýän demiň gysmagy, üsgürme alamatyndan ortaça 10 ýyl giç ýüze çykýandyr. Seýrek ýagdaýlarda keseliň demiň gysmagy bilen başlanmagy hem mümkindir.

Irden bölünip çykýan gakylyk nem görnüşde bolup, ol esasan köp mukdarda bolmaýar. ( Ol seýrek ýagdaýlarda bir gije-gündizde 60 ml-den köp bolup biler). Ýokançlygyň täsiriniň utgaşmagy keseliň beterleşmegine we köp mukdarda iriňli gakylygyň çykmagyna sebäp bolup biler.

Ýokançlyklardan başga-da, fiziki faktorlaryň utgaşmasy, aşa agramly fiziki zähmet keseli beterleşdirip bilýändir.

ÖDOK-niň alamatlarynyň ýüze çykyş derejesi we gaýraüzülmeleri daşky gyjyndyryjylaryň täsir ediş wagtyna we güýjüne baglydyr. Öýken kesellerini öwrenýän amerikan lukmançylyk jemgyýetiniň bellemegine görä, näsaglarda bu keseliň birinji alamatlarynyň ýüze çykmagy üçin, adam 20 ýylyň dowamynda günde 20 sany çilim çekmelidir. Ýöne adamyň ýaşyna, bedeniniň ýagdaýyna baglylykda, faktorlaryň birnäçe utgaşmasy keseliň has çalt döremegine hem getirip biler.

ÖDOK-iň beterleşmegi beterleme döwürleriniň has ýygylaşmagyna getirýär. Demiň gysmagy dürli derejede bildirip biler: adaty fiziki zähmetde howa ýetmezçilik duýgusyndan başlap, agyr derejeli dem almanyň ýetmezçiligine çenlidir.

Çilim çekmegi taşlamak – bu keseller toplumy bejermekde ilkinji esasy ädimdir. Çilimden ýüz döndürme, bronhlarda ýüze çykan zeperlenmeleriň azalmagyna, şonuň ýal-da, nemiň emele gelmeginiň azalmagyna ýardam berer. Çilim çekmäni goýanyňyzdan soň, birnäçe gün ýa-da hepde üsgülewügiň beterleşmegi we nemiň bölünip çykmagynyň köpelmegi mümkindir. Bu öýkeniň özbaşdak bronhial ulgamda toplanan nemden we tozan bölejiklerinden arassalanmagynyň alamatydyr.

Gynansak hem, öýkende we ýürekde dörän zeperlenmeler öz-özünden aýrylyp gitmez. Ýöne çilimden gaça durmak, bu agzalaryň soňky üýtgemelerinden halas edip, bu keselli näsaglarda duş gelýän öýken-ýürek ýetmezçiliginiň öňüni alyp biler.

ÖDOK-i bejermekde esasy orny bronhlary giňeldiji serişdeler tutýandyr. Olar esasan ingalýatorlar görnüşde (dem alma) ulanylýandyr. Bu derman görnüşleri ulanmagyň öz aýratynlyklarynyň barlygy sebäpli, olary pulmonolog lukmanyň maslahatyndan soň ulanmak ýerlikli bolar.

Ingalýasiýa ýoly bilen ulanylýan serişdelere aşakdakylar degişlidir:

1. Beta-adrenoreseptorlary tijendirijiler – bronhlaryň myşsasyny gowşadyp, olaryň nemden aňsat arassalanmagyna kömek edýändir. Köplenç salbutamol, albuterol, terbutalin ýaly serişdeler ulanylýar. Bu topardan täze serişde bolan salmeterol has uzak täsirliligi bilen tapawutlanyp, demgysma  tutgaýlary gije başlaýan näsaglar üçin peýdalydyr. Ýöne olary ýygy kabul etmek maslahat berilmeýär. Mukdary aşa köp ulanylanda ýürek urma, howsalalyk ýagdaýy, gan basyşyň ýokarlanmagy ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.

2. Holinergiki reseptorlara garşydaş serişdeler – parasimpatiki nerw ulgamynyň bronhlara edýän gysylma häsiýetini aradan aýyrýar. Bu topardan ipratropium bromid iň giňden ulanylýan serişdedir. Bejeriş täsiri boýunça bu toparyň serişdeleri birinji topardan gowşakdyrlar. Şonuň üçin hem olar güýçli bolmadyk bronhial ulgamyň gysylmagynda ulanylýar. Ýaramaz täsirlerine görüşiň bozulmagy, agzyň guramagy, içiň gatamagy, gartaşan erkek adamlarda buşukmanyň kynlaşmagy ýaly alamatlar degişlidir.

  • Kortikosteroidler – bronhlardaky sowuklama ýagdaýlaryň derejesini peseldip, alamatlary ýeňilleşdirýär. Serişdeler agyzdan (prednizalon) ýa-da ingalýasiýa  görnüşde (budezonid, beklometazon) ulanylýar. Olar demgysmaly näsaglara has peýdaly bolup, dowamly obstruktiw  bronhitde hem ulanylyp bilner. Beden üçin ýaramaz täsirleriniň barlygy sebäpli, olaryň mukdaryny we ulanmak üçin görkezmesini lukman kesgitlemelidir.
  • Antibiotikler – ÖDOK-rine wirusly we bakterial ýokançlyklarynyň goşulmagy lukmanyň maslahatyny talap edýär. Wirusly sowuklamada 3-4 gün wirusa garşy ulanylýan serişdeler berilýär. Keseliň agyr gaýraüzülmeli alamatlary ýüze çykanda ýa-da sowuklamanyň alamatlary (bedeniň gyzgynynyň galmagy, ysgynsyzlyk, iriňli gakylygyň bölünip çykmagy) dörände lukman antibiotikleri tapgyrlaýyn ulanyp biler.
  • Kislorod bilen bejergi (kislorodoterapiýa). Bu bejergi usuly agyr dem alma ýetmezçiligi bolan näsaglar üçin ulanylýar. Bejergi ýörite abzaly talap edýär. Kislorod ýüzde berkidilen ýörite maska ýa-da burna salnan turbajyklar arkaly berilýändir. Näsagyň ýagdaýyna görä, lukman bejerginiň dowamlylygyny kesgitläp, şonuň ýaly-da onuň peýdalylygyna baha berýändir.
  • Metilksantinler. Bronhlary giňeldip, dem almany ýeňilleşdirýär. Bu toparyň serişdelerinden öňler teofillin (eufillin) giňden ulanylýardy. Ýürege berýän ýaramaz täsirleri sebäpli (ýürek urmalaryň dürli bozulmalary) häzirki wagtda seýrek ulanylýar.
  • Hirurgiki bejergi.  Görkezme boýunça ÖDOK-li näsaglaryň belli bir bölegine geçirip bilinýär. Häzirki wagtda hirurgiki bejerginiň iki görnüşi bardyr:
  1. Öýkeniň bir bölegini aýyrmak (meselem, emfizema bilen aşa zeperlenen bölegi). Ýöne bu bejerginiň hemişe peýdaly netijelere getirmeýänligi sebäpli, ulanyşda çäklendirilendir.
  2. Öýkeni oturtma mümkin hem bolsa, bu usul henize çenli hem örän çylşyrymly we gymmat bolup, köp ýagdaýlarda ölümçilige getirýänligi sebäpli ulanylyp bilinmeýär.
  • 4379 gezek okalan