ÝOL-ULAG HELÄKÇILIKLERINIŇ PIDALARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ ÝATLAMA GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Her ýylda  dünýäde ýol-ulag heläkçiliklerinde 1,3 million adam aradan çykýar, 50 million adam bolsa şikeslenip, maýyp galýar.

2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynda  ýol-ulag heläkçiliklerinde 26 000 adam aradan çykdy, 2010-njy ýylda bolsa bu görkeziji 26 567  ýetdi.

Ýol-ulag heläkçilikleri 10 ýaşdan 24  ýaşa çenli bolan ýaş adamlaryň aradan çykmagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Ýol heläkçilikleriniň 82%-mi sürüjileriň ýol-hereket düzgünlerini bozýandyklary zerarly bolýar.

2005-nji ýylyň oktýabr aýynda  Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş assambleýasy her ýylyň noýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde  ýol-ulag heläkçilikleriniň pidalarynyň Bütindünýä ýatlama gününi bellemegi teklip etdi. Şol gün ýol-ulag heläkçiliklerinde aradan çykan adamlar ýatlanylýar we olaryň yzynda galan ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) we  BMG-niň çäklerinde bu ýatlama gününi bellemek bilen,  adamlaryň ünsüni ýol-ulag hereketine, onuň adam ömrüne edýän täsirine, heläkçilikleriň öňüni almak işlerine ünsi çekmek esasy maksat edinilýär.

Köp ýurtlaryň hökümetleri geljek on ýylyň dowamynda ýol-hereketiniň howpsuzlygy babatdaky global  meseläni  çözmäge  gönükdirilen hereketi işjeňleşdirmek barada taryhy karar kabul etdiler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2011 – 2020-nji  ýyllarda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hereketleriň onýyllygyny jar eden Rezolýusiýasy dünýä ýurtlarynyň 100-si  tarapyndan goldanyldy.

Her bir ýol-ulag heläkçiligi (ÝUH)  ulag-sürüji-ýol-pyýada  arabaglanyşygynyň bozulmagynyň netijesidir.

Soňky döwürde  köne ulag zerarly bolýan ÝUH-yň sany azaldy we 3,5%  çenli peseldi. Ýoluň hili bilen bagly ÝUH hem öňkülerinden azalyp, 10% çenli peseldi. Ýol-ulag heläkçilikleriniň 80% ýokary tizlik, nädogry ozup geçmek, çatryklardaky düzgünleriň bozulmagy we nädogry öwrümleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýüze çykýar.

Häzirki döwürde dünýäniň köp  ýurtlarynda ýollardaky ulaglaryň tizligi umumy çäklendirildi. Mysal üçin,  Awstriýada, Şwesariýada we Amerikanyň ştatlarynyň köpüsinde rugsat edilýän  iň  ýokary tizlik 100 km/s, Belgiýada, Ispaniýada, Portugaliýada, Turkiýede, Fransiýada we Lýuksemburgda - 90 km/s, Beýik Britaniýada, Bolgariýada, Norwegiýada, Niderlandlarda, Finlýändiýada we Awstraliýada - 80 km/s, Şwesiýada - 70 km/s, Ýaponiýada - 60 km/s.

Ýol-ulag heläkçilikleriniň iň ýygy duş gelýänleriniň biri hem ulagyň pyýadany kakmagydyr. Şeýle-de ulaglaryň agdarylmagy, bir-biri bilen çaknyşmagy  ýaly heläkçilikler köp bolýar.

Garaňky düşenden soň ulag sürmek hem ýol-ulag heläkçiliklerine sebäp bolýar.

Elbetde, şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin, diňe sürüji däl-de, eýsem pyýada hem örän seresaply hereket etmeli. Ýolagçynyň bar ünsi ýolda bolmaly, ol köçe-ýol hereketleriniň düzgünlerini berjaý etmäge borçludygyny unutmaly däldir:

  • Ýol hereketiniň kadalaryny öwreneňizde, çaga hem öwrediň.
  • Has kiçi çaganyň ýeke özüniň ýola çykmagyna ýol bermäň.
  • Köçeden geçmegiň kadalaryny bilýän bolsaňyz-da, olary gaýtalap duruň, çagalara hem ýatladyň.
  • Ýoldan geçeniňizde, telefonda gepleşmäň, ses güýçlendiriji enjamlardan peýdalanmaň.
  • Ulagda sürüjä sorag ýa-da gürrüň berjek bolup, onuň ünsüni ýoldan sowmaň.
  • Uky ýa-da köşeşdiriji serişde ulananyňyzdan soň, ýola çykmaň.
  • Uly, köp ulagly çatryklardaky ýerasty geçelgelerden peýdalanyň, muny çaga-da maslahat beriň.
  • Köçe- ýol heläkçiliginde ejir çeken adama ilkinji lukmançylyk kömegini bermegi öwreniň. Haýal etmän "Tiz kömegi" çagyryň.

Sürüjiler hem  ýol hereketiniň kadalaryny doly özleşdiren bolsalar hem, ol kadalary wagtal-wagtal gaýtalamagy unutmaly däldir.

Köplenç sürüji sag gapdalyndan gelýän pyýada duýduryş berip ýetişmeýär we netijede heläkçilige uçraýar. Diýmek, sürüji sagdan çepe geçmek isleýän pyýada  üns bermeli.

Çagalar üçin ýol has howply bolýar. Olar ýoldan geçenlerinde-de, ünsi başga ýerde bolmagy ýa-da onuň aljyramagy, gorkmagy mümkindir. Şol sebäpli hem çaga ýolda peýda bolanda, sürüji has ünsli bolmalydyr. Çaga eýýam ulag gatnaýan ýola çykan bolsa, sürüji hökman ulagy saklap, ony geçirmelidir. Käte pyýada duýduryş signalyny hem  bermeli bolýar. Ol bu duýduryşa üns bermese, ulagyň tizligini peseltmek zerurdyr. Käte ulag pyýada bilen arany has açyk saklamalydyr. Şeýle edilen ýagdaýynda, pyýadanyň dogry hereket etmäge mümkinçiligi we wagty artýar.

Ulag serişdeleriniň bir-birleri bilen çaknyşmagy hem ýol-ulag hadysalarynda ýygy duş gelýär. Köplenç bir ulag beýleki ulagdan öňe geçýän wagty, heläkçilige duçar bolýar. Mundan başga-da, duran ulagdan  ýa-da başga bir päsgelçilikden öňe geçilende hem, ulaglar çaknyşýar.

Ýolda howlukmaçlyk – iň howply   ýagdaýlaryň biridir. Käte sürüji üçin bir-iki ulagdan öňde bolmak örän wajyp ýalydyr. Emma hut şeýle ýagdaýlar zerarly ol  heläkçilige sezewar bolýar. Öňünden gelýän ulaga üns bermän ýa-da "geçip ýetişerin" diýen pikire eýerip, ol töwekgellik edýär. Ýöne "çaklamasy" nädogry bolup, ol garşysyndan gelýän ulag bilen çaknyşýar.  Şeýle ýagdaýlarda sürüjiler golaýlaşyp gelýän ulagyň tizligine we golaýlygyna dogry baha bermeli.

Ulaglaryň agdarylmagy köplenç ýagdaýlarda ulagyň nädogry sürülmegi sebäpli ýüze çykýar. Mysal üçin, öl, hapa ýa-da doň ýolda maşyny birdenkä togtatmak, öwürmek düýbünden bolmaýar. Ýagynly, çygly howada, doňaklykda ulagy sürmek örän howpludyr. Ýolda heläkçilige uçramazlyk üçin, köçe- ýol hereketleriň  düzgünleriniň  ählisini gyşarnyksyz berjaý etmek, ünsli bolmak zerurdyr. Siz diňe bir öz janyňyzy howp astyna salman, eýsem beýleki adamlaryň janyna kast edip biljekdigiňizi hiç wagt unutmaň.

Garaňkyda ulag sürmek örän kyn hasaplanylýar. Käte garşydan gelýän ulagyň çyralary gözleri gamaşdyrýar we sürüji ýoly asla görmeýär. Şeýle bolanda, sürüji ulagy saklamaly-da, yol görünýänçä, garaşyp durmaly.

Ýola düşen sürüjiniň özüni duýşy, psihiki ýagdaýy hem kadaly we rahat bolmalydyr. Adam gaharlanyp ýa-da bir zada aşa gynanyp ulag sürmese, gowy bolar. Elbetde, adam kesellände-de, ulag sürmekden gaça durmalydyr.

Ýol-ulag heläkçilikleri barada gürrüň edilende, ýene-de bir wajyp zady bellemek gerek. Käte, ulag pyýadany kakanda, aljyraýar, jogapkärçilikden gaçyp, ejir çeken pyýadany taşlap gaçýar. Beýle hereket etmek ynsanperwerlik kadalaryna laýyk gelmeýär. Adam ömrüniň ähli zatdan gymmatlydygyny unutmaň. Heläk bolan pyýada ýa-da sürüjä wagtynda kömek etmek köplenç onuň janyny ölümden halas edýär, düzedip bolmajak ýagdaýyň öňüni alýar.

Ýol-ulag heläkçilikleriniň pidalarynyň sanyny azaltmak barada biziň her birimiz aladalanmalydyrys. Bu meselä ulag  gurluşyk zawodlary  hem örän çynlakaý garaýarlar. Häzirki zaman ulaglaryny döretmekde ilkinji ýerde onuň adam üçin howpsuz bolmagy ugrunda alada edilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýol-ulag heläkçiliklerini  we adam saglygyna we janyna abanýan howpy ep-esli azaldýar.

  • 5389 gezek okalan