SAGLYK SORAGNAMASYNYŇ NETIJELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

soragnama njGadyrly okyjylarymyz,

Saglygyň 10 ýaş toýuna bagyşlap, biz siziň islegleriňiz we teklipleriňiz barada öwrenmek maksady bilen geçen ýylyň oktýabr aýynda size soragnama hödürläpdik. Soragnamany dolduranlara we okyjylarymyzyň ählisine Saglygy okaýanyňyz we başgalar bilen paýlaşýanyňyz üçin uly minnetdarlyk bildirýäris.

Biz soragnamanyň netijelerini siziň bilen paýlaşmak isledik. Soragnamany jemi 202 adam doldurdy. Olaryň:

85%Saglyk.org saýtyny başgalara maslahat bererdiler we saýtdan has köp zat öwrenmek isleýärler;

72% – Saglygyň saglyk meseleleri barada öwrenmek üçin ygtybarly çeşmedigini we Saglykdan peýdaly zatlary öwrenýändiklerini aýtdylar;

57% – erkekler we 47% – 24-34 ýaşdaky adamlar;

76 sany okyjy Saglyga tekliplerini hödürlediler. Teklipleriň ählisi diýen ýaly biri-birinden tapawutly saglyk meselelerine degişlidi. Teklipleriň käbiri: böwrek keselleri, AIW we AIDS, horlanmak, oglan-gyz gatnaşyklaryndaky meseleler, hem-de COVID-19.

Siziň şeýle işjeňligiňizi görmek we öz saglygyňyz, jemgyýetimiziň we daşky gurşawymyzyň saglygy barada has köp öwrenmek isleýändigiňizi eşitmek bizi biçak begendirýär. Soragnama gatnaşyp, biziň işimize goşan goşandyňyz üçin ýene bir gezek sagbolsun aýdýarys. Bu bize işlerimizi ösdürmäge we size has hem peýdaly çeşme bolmaga uly kömek eder. Hatda soragnama gatnaşmadyk bolsaňyz hem, saýtymyzyň ýa-da sosial mediýa hasaplarymyzyň üsti bilen, bize soraglaryňyzdyr teswirleriňizi hemişe ýollap bilersiňiz. Geliň, jemgyýetimizde saglyk sowatlylygynyň ösmegine bilelikde goşant goşmagy dowam edeliň!

Saglygy saglykda okamagyňyzy we paýlaşmagyňyzy arzuwlap, Saglyk topary.

  • 982 gezek okalan