ÝAŞLARYŇ ÇYDAMLYLYGYNYŇ ÇÄKLERI BAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

yaslaryn cydamlylygyDöwletler pandemiýa garşy göreşmek üçin dyrjaşýakalar, psihiki saglyk hünärmenleri ýaşlarda ýüze çykyp başlan psihiki krizisi hakynda duýdurýarlar – diýip The New York Times habar berýär.

Kynçylykly geçýän ýyllaryň işsizlige, sosial durmuşyň durgunlygyna, romantik gelejege böwet bolmagyna we ene-atalar bilen ýaşamaga dolanyp gelinmegine sebäp bolmagy ýaşalaryň arasynda jana kast etmek we jana kast etmek baradaky pikirleri has-da artdyrdy.

Sowalnamalaryň biri pandemiýa döwründe Fransuz ýaşlarynyň psihologiki saglyk derejesiniň iň pes orun eýeleýändigini görkezdi. Italiýada we Niderlandiýada käbir ýaşlar psihiatriýa bölümleri doly güýjünde işleýär.

Doýçe Welle-niň habar bermegine görä, onuň täsiri diňe ýaşlara ýetmedi: Saarland uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesi Germaniýadaky adamlaryň birinji izolýasiýa bilen deňeşdirilende häzirki izolýasiýa döwründe psihiki saglyk bilen has köp ejir çekýändigini görkezýär.

  • 1177 gezek okalan