AÝALLARA ZULUM EDILMEKLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (22 Ses)

Aýallara zulum edilmeklik – global meseleleriň biri. 1999-njy ýylda Birleşen milletler guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasy noýabr aýynyň 25-ni aýallara zulum edilmegi düýbünden ýok edilmegiň Halkara güni diýip yglan etdi. Bu aýallaryň hukuklarynyň bozulýandygyna jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen edildi.

Şeýle çäräniň görülmegine näme sebäp boldy?

Köp ýurtlarda aýal maşgala "ikinji" derejeli adam hökmünde garalýar. Aýallara bolan bu garaýyş öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Aýallara zulum edilmegiň ähli görnüşleri ösen diýip hasaplanylýan ýurtlarda hem bardyr.

BMG-niň öňki baştutany Kofi Annan bu babatda şeýle aýdýar: "Aýallara zulum edilmek ähli jemgyýetlere, medeniýetlere aýallaryň etnik gelip çykyşyna, sosial ýagdaýyna, maddy üpjünçiligine, beýleki ýagdaýlaryna garamazdan mahsusdyr".

Adalat ugrunda göreşiji Radhika Kumaraswami aýallara zulum edilmek barada ýörite doklad bilen BMG-da çykyş edende, aýallaryň köpüsi üçin zulum edilmek baradaky meseläniň gadagan we ara alyp maslahatlaşmak üçin aýyp hasaplanylýan meseledigini belledi.

Aýallaryň ýagdaýlaryna dürli ýurtlarda gözegçilik edýän guramanyň habar bermegine görä, Günorta Amerika ýurtlarynyň birinde aýallaryň 23% (her dördünji aýal) zulum edilmekligiň dürli görnüşine sezewar bolýar. Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, bir ýylyň dowamynda Angliýada we Uelsde adamsynyň ýa-da başga bir erkek adamyň elinden her hepdede orta hasap bilen iki aýal heläk boldy.

"India today international" žurnalynyň habar bermegine görä, "Hindistanda gorky aýallaryň aýrylmaz hemrasyna, zulum edilme bolsa her çüňkde, islendik jemgyýetçilik ýerlerinde we islendik wagt duş gelýän‚ geçegçä" öwrülipdi. "Halkara günä geçiş guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, aýallara we gyzlara zulum edilmek meselesi adam hukuklarynyň bozulmagynyň iň giňden ýaýran meseleleriniň biridir".

Dogrudan hem, dünýädäki aýallaryň we gyzlaryň ençemesi uruş döwründe-de, parahatçylyk döwründe-de zulum edilmekden ejir çekýär. Olara döwlet, jemgyýet we garyndaşlary zulum edip bilýär.

Köp ýurtlarda aýallar dil, duýgy, fiziki taýdan zuluma ýa-da zorlanma sezewar bolýar. Netijede, yza, weneriki keseller, ukynyň bozulmagy, nerw ulgamynyň şikeslenmegi, arakhorluk, işsizlik ýüze çykýar. Umuman aýdylanda, aýalyň durmuşy weýran edilýär we onuň töwerekdäkilere, esasanam erkek adamlara bolan garaýyşynda diňe ýigrenç duýgusy, ynanmazlyk orun tapýar.

Britaniýada her minutda polisiýa bölümine zuluma sezewar edilen aýallardan biri jaň edýär. Sasseksiň polisiýasynyň habar bermegine görä, "Ýewropanyň aýallary zulum edilmä garşy" atly gurama zorlanan aýallar üçin ýörite gaçabatalgalary gurnaýar.

2008-nji ýylda aýallary goldamak boýunça Federasiýa maşgalada fiziki zulum edilmeden we zorlanmadan ejir çeken 108 690 aýal maşgala we 39 130 çaga goldaw berdi. Telefon arkaly kömek soranlaryň sany 150 000 ýetdi.

Italiýada hem aýallara zulum edilmek bilen bagly wakalaryň sany artýar. Milli hasaba alyş institutynyň berýän maglumatyna görä, 6,7 million aýal zuluma sezewar edildi, olar bilen birlikde çagalary hem ejir çekdi. Rimiň "Dürli aýallar" atly ynsanperwerlik merkezinde zuluma uçran aýallar üçin 5 gaçybatalga işleýär. Ol ýerde zulum edilmeden ejir çeken aýallara başdan geçiren agyr wakalary ýeňip geçmäge, öz-özlerine bolan sylag-hormaty gaýtarmaga, ýaşaýşa we durmuşa bolan höweslerini dikeltmäge kömek edilýär.

Aýal hemişe öz çagasy barada aladalanýar. Elbetde, bu şeýle hem bolmalydyr. Ýöne gynansak-da, käbir maşgalada erkekler aýallaryna zulum edenlerinde, urup-sögenlerinde, aýal bu barada hiç bir adama habar berip bilmeýär. Munuň esasy sebäbi – erkek adam aýaly çagalaryndan mahrum edip biljekdigini aýdanlygyndadyr.

Maşgalada sagdynlyk, abatlyk bolmasa, aýal näçe jan etse-de, erkek tarapyndan zalymlykdan başga zat görmese, şeýle maşgalany saklamak gerekmikä? Aýal diňe özi barada pikir etmän, eýsem çagalary barada pikirlense, ol zulum edilmä asla çydamaly däldir. Her bir aýal öz-özüni gorajak bolmaly, gerek bolanda, degişli edaralara ýüzlenmeli.

Hususy öýlerden, maşgaladan başlap tä uly şäherleriň we ýurtlaryň derejesine ýetýänçä, aýallara zulum edilmäni aradan aýyrmak zerurdyr.

Aýal maşgala aslynda örän ejiz ynsan hökmünde ýaradylandyr. Ol erkekler tarapyndan, umuman jemgyýet tarapyndan goralmaga mynasypdyr. Aýal diýlende, ilki bilen hakydaňa ene diýen düşünje aralaşýar, ene bolsa mähir-muhabbete ýugrulan, her bir adam üçin iň ýakyn we mähirli ynsandyr. Her bir gyzjagaz, uly gyz, ýaş gelin – geljekki mährem enedir. Bulara zulum etmek adamkärçiligiň düýbünden ýok edilmegini aňladýar.

Uruş döwründe hem aýallara zulum etmek, olary zorlamak bilen, duşmanlar belli bir halkdan, milletden, jemgyýet toparyndan ar alýar, olaryň mertebesini peseldýär. Aýal maşgala öz namysyny tug edinýär, onuň harlanylmagyna ýol beresi gelmeýär. Taryhy wakalardan belli bolşy ýaly, duşman aýallary zorlamak islände, aýallar öz janlaryna kast edip, ar-namysyny depeletmändirler.

Tebigat aýal maşgalany näzik we gözel şekilli döredipdir. Emma zenan maşgala ejiz bolmaly däldir. Häzirki döwürde, adamzadyň hemmetaraplaýyn ösýän we özgerýän dünýäsinde, her bir adam, şol sanda aýal maşgala-da öz-özüni goramagy başarmalydyr. Köp ýyllaryň dowamynda aýallar öz hukuklary ugrunda göreşip, bu babatda kanunlaryň çykarylmagyny gazandylar. Zuluma sezewar bolýan aýalyň, gyz maşgalanyň öz ykbalyna özleriniň eýe çykmagy örän wajypdyr. Zuluma sezewar bolan maşgala sesini çykarman, bu ýagdaýa çydap otursa, zorlugy boýun alsa, oňa zulum etmekligi dowam ederler. Şol sebäpli hem, özüne zulum salynýandygyny duýýan aýal haýal etmän hukuk goraýjy edaralara ýüzlenmelidir. Mundan başga-da her bir döwletde, sebitde Zenanlar Guramalary işleýär. Zorlanan ýa-da zulumae sezewar bolan aýal çekinmän, hemaýat soramaly, adalatly çözgüt ugrunda göreşmeli.

Ýene-de bir ähmiýetli zat: her bir aýal ilki bilen özüni sylamaly, öz gadyryny bilmeli, özüne sarpa goýulmagyny gazanmaly. Şeýle edilende, aýal maşgalany töweregindäkiler-de, ýakynlary-da hormatlaýar.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

  • 5212 gezek okalan