COVID-19 ZERARLY INÇEKESEL WE AIW ÜNSDEN DÜŞÜRILÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 incekesel aiwCOVID-19 dünýäde saglygy goraýyş çärelerini dowam etmäge päsgel berýär. Gündogar Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Balkan ýurtlarynyň gorawsyz gatlaklary agyr kynçylyklara sezewar bolýar. Hususanda, bu sebitleriň ählisinde pandemiýadan öň hem stigma (biabraýçylyk), diskriminasiýa we jenaýat jogapkärçiligine duçar bolýan AIW we inçekesel bilen kesellän adamlar üçin onuň täsiri ýitidir.

Ýetirilen zyýanyň hasabaty: Alliance for Public Health we Matahari Global Solutions-yň täze hasabaty COVID-19-yň Bosniýa we Gersogowinadaky, Gruziýadaky, Gyrgyzystandaky, Moldowadaky, Russiýa Federasiýasyndaky hem-de Ukrainadaky AIW we inçekesel hyzmatlaryna ýetiren täsirini barlady.

Netijeler:

↪ Ähli ýurtlarda AIW testleri we inçekeseli anyklamak azyndan 25-50%-e çenli kemeldi;

Antiretrowirus bejergisiniň alynmagy azaldy. Moldowada geçen ýylda onuň görkezijisi 25%-e çenli peseldi;

↪ Russiýada AIW positiw adamlaryň 10%-i zyýansyzlandyrylan iňňeleri we şprisleri, iň azyndan 16%-i bolsa prezerwatiwleri alyp bilmek mümkinçiligini ýitirdi.

Girdeýjiden mahrum bolmak, çäklendirmeler (meselem: Moskwadaky COVID-19 çäklendirmeleriniň bozulanlygy üçin jerimeler) we COVID-19 üçin bejergi alýan näsaglara gözegçilik etmek ýaly çykdaýjylar AIW we inçekesel hyzmatlaryny elýetmez etdi.

COVID-19-yň ýetiren zeperi üçin AIW we inçekeselde töwekgellik toparlaryna nagt pul bermek ýaly maýa goýumlary tizara goýulmasa, belläp geçen faktorlarymyz sebäpli AIW we inçekesel bejergileriniň hem-de test hyzmatlarynyň has peselmegine getirjekdigini hasabatyň awtorlary duýdurýarlar.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg Sсhool of Public Health

  • 979 gezek okalan