MERKEZI AZIÝADA PSIHIKI SAGLYK KANUNLARY WE HYZMATLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

mental health2021-nji ýylyň martynda 1991-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýada psihiki saglygy goraýşyň ösüşini derňeýän barlag işi çap edildi. Bu barlag işinde ekspertler topary bäş dürli arhiwden, 53 sany syn ýazylan makalalary we ylmy-barlaglary (Gazagystan: 13, Gyrgyzystan: 14, Täjigistan: 10, Özbegistan: 9, Türkmenistan: 2, Garyşyk: 5) derňäp öwrendiler.

Netijeler: Merkezi Aziýada, 1990-njy ýyllarda saglyk sektoryna goýberilýän puluň azaldylmagy bilen, psihiki saglyk hyzmatlary hem birden kemeldi. Muňa alternatiw hökmünde, halk lukmançylygy we tebipçilik täzeden meşhurlyga eýe boldy. Häzirki wagtda döwrebap saglyk kanunlary bar hem bolsa, maýa goýumlaryň ýetmezçiligi we hökümetleriň ähmiýet bermeýändigi sebäpli, olar berjaý edilmän galýar. Psihiatrik bejergiler heniz hem diňe keselhanalarda berilýär we jemgyýet-esasly psiho-sosial hyzmatlar ýok diýen ýaly. Bütin sebitde psihiki ýagdaýlaryň biabraýçylyk hasaplanmagy we psihiatrik toslamalar giňden ýaýran. Ilatyň adam hukuklary baradaky düşünjesi welin örän pes. Gyrgyzystandan beýleki ýurtlarda, ilat bu hyzmatlary döretmäge, üýtgetmäge we işjeň ulanmaga hiç hili gatnaşmaýarlar. Şeýle-de bolsa, ençe ýyllyk hereketsizlikden soňra, psihiki saglyga bolan syýasy gyzyklanma oýanyp başlady we hyzmatlarda umytlandyryjy ösüşleri görmek bolýar.

Jemleme: Sebitde bilim ýetmezçiligi agdyklyk edýär. Gelejekki reformalary güýje girizmek üçin, düşünjeli kararlara gelmek we dahylly taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmek zerurdyr.

Çeşme

  • 1052 gezek okalan