NÄME ÜÇIN WENADA MILKA TOWŞANLARY GARŞYLYK GÖRKEZDILER

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

MILKA towsanlaryŞokalad önümçiligi bilen tropiki tokaýlaryň ýok edilmeginiň näme arabaglanyşygy bar?

Awstriýada "Greenpeace" guramasynyň aktiwistleri, Pasha baýramynyň öň ýanynda, Wena şäheriniň Heldenplatz meýdançasynda Milka kompaniýasynyň şokolatdan ýasalan towşan heýkeljikleriniň 316 sanysyny düzüp çykdylar. Şeýle etmek bilen, aktiwistler Milka brendini öz içine alýan Mondelez korporasiýasynyň hereketlerine garşylyk görkezdiler. Mondelez korporasiýasy öz önümlerinde palma ýagyny ulanmak bilen, tropiki tokaýlary ýok edýär we adam hukuklaryny bozýar.

Diňe bir 2019-njy ýylyň hasaby boýunça, Mondelez korporasiýasy 316 müň tonna palma ýagyny gaýtadan işledi. Häzirki wagtda, Awstriýanyň bazarlaryndaky Milka degişli bolan önümleriň her ikinjisiniň düzüminde palma ýagyny tapsaň bolýar.

Palma ýagy nädip tokaýlary ýok edýär?

Soňky on ýyllyklaryň dowamynda, palma ýagy beýleki ösümlik ýaglaryna garanyňda arzan we amatly alternatiwa öwrüldi. Şol sebäpli hem, palma ýagy senagatda giňden ulanylyp, iýmite hem-de kosmetiki önümlere goşulýar.Palma ýagy ekwatoryň töwereginde has gowy ösýär – häzirki wagtda esasan hem Malaýziýada we Indoneziýada ösdürilip ýetişdirilýär. Dünýä boýunça öndürilýän palma ýagynyň 95% şol ýurtlarda çykarylýar. Şol sebäpli, bu ýurtlardaky tropiki ekwatorial tokaýlar ekologik betbagtçylyga uçrady. Her ýyl palma ýagynyň çig malyny ösdürip ýetişdirilýän täze plantasiýalara ýol açmak üçin, millionlarça gektar ýabany tokaýlar çapylýar we ýakylýar. Malaýziýa ýarym adasyndaky tokaýlaryň ýarysyndan gowragy plantasiýa üçin çapyldy. Ozal şol tokaýlaryň bir gektarynda 200-den gowrak dürli-dürli agaçlara duş gelseň bolýardy.

Nähili howp salýar?

Tokaýlaryň çapylyp ýok edilmegi, global ýylylygyň çaltlaşmagyna getirýär. Sebäbi kömürturşy gazyny siňdirmekde tokaýlaryň örän möhüm orny bar. Mundan başga-da, Fransiýanyň we Taýlandyň alymlarynyň geçiren barlaglaryna görä, haýwanlaryň tebigy ýaşaýyş ýerleriniň ýok edilmegi, COVID-19 ýaly epidemiýalaryň döräp durmagyna goşant goşýar.Soňky 20 ýylyň dowamynda, plantasiýa üçin ýabany tropiki tokaýlaryň çapylyp ýok edilmegi sebäpli, Borneo adasynda 100 müňe golaý orangutan öldi. Malaýziýada bolsa bu haýwanlaryň sany 40% azaldy.Palma ýagyna adamlar üçin birsyhly zyýanly diýip bolmaýar. Bu babatdaky barlaglaryň netijeleri gapma-garşylykly bolup galýar. Russiýa palma ýagyny ulanmak üçin aksiz salgytlaryny girizmegi ençeme gezek meýilleşdirdi, ýöne ahyrynda bu meýil goýbolsun edildi.

Batyr Bäşimow

Makalanyň çeşmesi

  • 703 gezek okalan