BÝUDŽETLERIŇ KEMELDILMEGI AIDS KESELINI GAÝTADAN MÖWJETMEGI MÜMKIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)
Garyp ýurtlaryň käbirlerinde AIDS keselini
bejermek üçin sarp edilýän serişdeleriň ählisi
halkara hemaýatkärlerinden gelýär.

1-nji dekabrda AIDS keseline garşy Bütindünýä göreş güni bellenildi. Şu mynasybetli alymlar we işjeňler 30 ýyl bäri dowam edýän epidemiýanyň ýakyn wagtda öňüniň alynmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Ýöne şeýle üstünlige ýetiljek bolup durka, zerur ylmy-barlag işleriniň maliýelişdirilmegi kemeldilip başlandy.

Şu güne çenli AIW-e garşy waksina tapylmadygyna garamazdan, geçen ýyl geçirilen kliniki barlaglaryň netijesi utgaşdyrylyp berlen dermanlar arkaly geçirilen bejergi keseliň ýaýramagyny peseldýändigini görkezdi. Mundan başga-da, Afrikada erkekleri sünnetleme tejribesiniň ýaýbaňlanmagy bu kesele uçrama howpuny azaldýar.

AIW/AIDS boýunça iki hünärmen keseli bejermeklikdäki açyşyň şeýle golaýlan pursatynda bu ugurdaky ylmy-gözleg işlerine goýberilýän serişdeleri kemeldilýändigi babatda öz nägileliklerini bildirdiler.

Býudžetiň kemeldilmegi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), BMG-niň AIW/AIDS boýunça maksatnamasynyň we UNICEF Çagalar Gaznasynyň bilelikde taýýarlan beýannamalarynda aýdylşyna görä, wirusa garşy göreşiň halkara maliýeşdirilmegi 8,7 mlrd-dan 7,6 mlrd dollara çenli kemeldildi. Mundan ozal hemaýat serişdeleriniň möçberi ýylsaýyn artdyrylýardy.

Global gazna hökümetleriň we şahsy hemaýatkärleriň AIDS-e, inçekesele, gyzzyrma keseline garşy göreş üçin sarp edýän serişdelerini paýlaýar. Bu gazna geçen hepde 2014 ýyla çenli täze kömek mümkinçiliklerini (grantlary) hödürläp bilmejekdigini yglan etdi.

Hökümete degişli bolmadyk Oxfam ynsanperwerlik guramasynyň maglumatyna görä, Italiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Ispaniýa we Ýewrobirleşik Global gaznasyna meýilnamalaşdyrylan tölegleri ýa togtadypdyrlar, ýa-da düýbünden geçirmändirler.

Pariž wirusology Fransuaza Barr-Sinussi Lýuk Montanýe bilen bilelikde 1983-nji ýylda AIDS keselini ilkinjiler bolup ýüze çykaryp, Nobel baýragyna mynasyp boldular. Wirusologyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda immunoýetmezçilik wirusynyň ylmy-derňew işleri uly netijelere eye boldy. Halkara maliýeleşdirilmäniň kemeldilmegi bolsa ony örän gynandyrdy we gaharlandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, garyp ýurtlarda AIDS bilen göreşmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaryň maliýeleşdirilmegini togtadan ösen döwletleriň hökümetleri keseliň gaýtadan möwejemegine sebäpkär bolarlar.

Fransuaza Barr-Sinussiniň mysal getirmegine görä, Kambodža döwletindäki AIW ýokançlygyna duçar bolan adamlaryň 90 %-mi bejergi alýarlar. Emma ol bejergi Global gaznasynyň serişdelerine garaşlydyr.

Dermana durnukly AIW

Barr-Sinussi: "Eger bäş-on ýylyň içinde AIW-e uçran adamlar üçin gazna serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik döredilmese, olar bejergilerini bes edip, ýogalyp başlarlar. Eger bejergi bes edilse, derman serişdelerine durnukly bolan wirusyň ştammy dörär. Ýokançlyklar bolsa serhede boýun bolmaýarlar" - diýip duýdurdý.

Dünýä AIDS-iň hötdesinden gelermikä?

1 DEKABRDA – AIDS KESELINE GARŞY BÜTINDÜNÝÄ GÖREŞ GÜNI bellenýär. Dünýä ilkibaşda bütinleý bejerip bolmaýan hasaplanylan bu keseliň hötdesinden gelip bilermikä?

AIW/ AIDS boýunça BSGG-niň müdiri Gotfrid Hirnşall, Global gaznasynyň kömek serişdeleriň goýberilmän saklanmagy ony alada goýýandygyny mälim etdi. Ol şeýle ýagdaýyň ýüze çykjakdygyny çaklapdy. Gotfrid Hirnşall: "Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde haýsy döwletlerde AIW/AIDS bilen bagly meselelerde ýardam bermek üçin bökdençlik döretmek howpunyň bardygyny içgin öwrenip, maliýeleşdirmegi dowam ederis",- diýip söz berdi.

AIDS keseli Orsýetde çalt ýaýraýar

Gotfrid Hirnşall ýene-de: "Öňümizdäki birnäçe ýylyň dowamynda biz yza galýan döwletleri: Orsýeti, Ukrainany, Orta Aziýa döwletleriniň käbirlerini, şeýle-de bölekleýin Demirgazyk Afrikany we Ýakyn Gündogary ilkinji orunda goýmalydyrys" diýip aýdýar.

RIA Täzelikleriniň habar bermegine görä, AIDS keseliniň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça Federal ylmy-usuly merkeziniň ýolbaşçysy Wadim Pokrowskiý Orsýetde şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda 2010-njy ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde AIW ýokançlygynyň ýüze çykmagy 10% ýokarlanandygyny mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, geçen ýylda AIW ýokançlygyna täze duçar bolanlaryň sany 58426-dy, hünärmenleriň çaklamalryna görä, şu ýylyň ahyryna olaryň sany 62000-den geçer. Pokrowskiniň habar bermegine görä, 1987-nji ýyldan şu ýylyň 1-nji noýabry aralygynda Orsýetde AIW ýokançlygyna sezewar bolanlaryň sany 636979 adam boldy, şolaryň 104257 eýýäm aradan çykdy.

Orsýetde AIW/AIDS keselleri esasan hem neşekeşleriň neşe serişdelerini damardan goýberenlerinde, birnäçe adamyň bir iňňeden peýdalanýandygy arkaly ýaýraýandyr.

Ulanylan WEB Salgy

  • 2969 gezek okalan