ÝARYM ADAM ÝARYM MAÝMYN DÜWÜNÇEKLERDE ORGAN DÖRÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

adam maymyn duwuncekAlymlar ilkinji gezek adam we maýmyn öýjüklerinden ybarat bolan düwünçekleri döretdiler. Bu işe gatnaşan halkara alymlar toparynyň "Cell" žurnalynda bellemegine görä, bu düwünçekleri döretmegiň bir maksady organ transplantatlaryna mätäç adamlar üçin täze organlary öndürmegiň ýollaryny öwrenmekdir. Emma bu ylmy barlag ynjalyksyzlyk döretdi.

Bu barlagy kimler tankyt edýär we näme üçin?

Rice Uniwersitetindäki ylmy barlagçy Kirstin Matthewsiň pikirine görä, näme edip-etmeli däldigimiz barada idili gürrüň etmezden, ylmyň öňe gidişi köpçüligi aladalandyrar. Şeýle hem, birnäçe ylmy barlagçylar beýle barlaglaryň etiki meseleleri galdyrýandygyny aýdyp geçýärler. Meselem, käbir alymlar bu emeli düwünçeklerden täze bäbek ýasap bilerler we bu iň uly aladalaryň biridir. Şeýle hem, adam öýjükleri täze düwünçekdäki dörejek beýniniň bir bölegi bolup, täze dörän jandarda adam beýnisi emele gelip biler.

"Bu düwünçeklerden dörän täze jandar adam hasap edilmelimi ýa-da haýwan, sebäbi bu jandarda hem adam, hem maýmyn öýjükleri bolar. Täze dörejek jandaryň pikir etmek ukybynyň we logikasynyň emele gelmegi mümkin. Şulary göz öňünde tutsak, haýsy ýagdaýda bu jandaryň organlaryny alyp, transplantasiýa üçin ulanyp bileris?" diýip Matthews belläp geçýär.

Adam öýjüklerini ulanmagyň ýene bir gozgaýan meselesi bolsa, onuň netijesinde dörejek jandarlaryň adam spermasyny ýa-da ýumurtgalygyny öz içinde daşamagydyr. Maýmynlaryň adam spermalaryny we ýumurtgalyklaryny öz içinde saklap, erkin gezip ýörmeleri örän töwekgelçiliklidir. "Meselem, adam spermasyny özünde saklaýan maýmyn ýene bir adam ýumurtgalygyny özünde saklaýan maýmyn bilen duşuşsa, onda ol urkaçy maýmynyň ýatgysynda adam düwünçegi emele gelip biler, ýagny olardan adam dogup biler" diýip Stanford Uniwersitetindäki bioetik bölümiň professory Henry Greely belläp geçýär.

Ylmy barlagçylar tankytlara nähili jogap berýärler?

Bu barlagyň awtorlarynyň biri Juan Belmonte barlagyň netijesinde täze organizm ýa-da elhenç haýwan döretmek ýaly niýetleriniň ýokdugyny belläp geçýär. "Biz diňe dürli organizmlerdäki öýjükleriň bir-biri bilen nähili aragatnaşyk edýändigini bilmek isleýäris" diýip, Belmonte belläp geçýär. Şeýle hem, bu barlagyň garramak, rak keselini döredýän sebäpler we dürli keseller barada täze maglumatlaryň tapylmagyna getirip biljekdigine Belmonte ynam bildirýär.

Käbir kesellerde bejergi hökmünde organ transplantasiýasy gerek bolýar, ýöne organ bagyş edýän adamlaryň sany örän az. Netijede, diňe ABŞ-da her ýyl müňlerçe adam organ transplantatlaryna garaşyp aradan çykýarlar. Şol sebäpden, bu barlagyň etiki tarapdan meseleli ýeriniň ýokdugyny Garward Uniwersitetindäki Bioetikler bölümiň Professory Insoo Hyun belläp geçýär. Hyun, şeýle hem, bu barlagyň ynsanlara peýda bermek maksady bilen edilýändigini aýdýar.

Näme üçin haýwan organlary adamlara göni transplantasiýa edilmeýär?

Haýwanlarda birnäçe wiruslaryň bolany sebäpli, o wiruslar adamlara transplantasiýanyň üsti bilen geçip bilýär. Eger ýokarky agzalan ylmy gözleg netijeli jemlense we adamlar bilen maýmynlaryň öýjüklerinden düwünçek öndürip, organ aljak bolsalar, onda wiruslar ýaýramaz ýaly gözlegçilik juda ýokary derejede we seresaply bolmalydyr.

Çeşme: Scientists Create Early Embryos That Are Part Human, Part Monkey

  • 1002 gezek okalan