DNK MAGLUMATLAR BAZASY ENTÄK DÖREDILMÄKÄ DÖRÄN DNK ÝYGYNDYSY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

doktor breiteneckerGyzyl Goşun esgerleriniň köpçülikleýin zorlamalarynyň şaýady bolan, Wenada doglan sud patologoanatomy Rudiger Breitenecker mundan 50 ýyl ozal Baltimorda jynsy zorluklary haýal etmän derňemek we subutnamalary ýygnamak we saklamak boýunça ýörite bölüm döredýär.

Ol lukmanlara nem çyrşagyny (mazok) almagy we zorlaýjynyň yzlaryny gözlemegi öwredýär. "Bir gün peýdasy deger" – diýen pikir bilen, ol müňlerçe nusgalyklary ýygnaýar.

Netijede, şeýle-de bolýar. 2004-nji ýyldan başlap Baltimor okrugynyň ýörite derňewçiler topary bu DNK nusgalaryny, onlarça ýyllap yzygiderli jenaýat eden zorlaýjylary kesgitlemek üçin ulanyp başlaýarlar.

Beýleki polisiýa bölümleri olardan muny nädip başarandyklaryny soranlarynda, olar: "Siziň Doktor Breiteneckeriňiz barmy?" – diýip jogap berýärdiler.

Çeşme: ProPublica

  • 781 gezek okalan