ÇILIM ÇEKÝÄNLERIŇ REKORD SANY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (2 Ses)

Lancetcilim cekyan rekord sany žurnalynyň täze çap eden makalasynda soňky 40 ýyl çilimkeşligiň ýaýrama depgininiň biraz haýallandygy, emma dünýa ilatynyň artmagy zerarly çilim çekýänleriň sanynyň 1,1 milliarda ýetendigi aýdylýar.

Esasy netijeler:

↪ Şuwagtky çilimkeşler 2019-njy ýylda 7,41 trillion "çilime deň bolan" temmäki sarp etdiler.

↪ 1990–2019-njy ýyllar aralygynda çilimkeşligiň ýaýrama gerimi erkekleriň arasynda 27,5%, aýallaryň arasynda bolsa 37,7% kemeldi.

↪ 2019-njy ýylda 7,69 million çilimkeş öldi (işemiýa ýürek keselinden, obstruktiw pnewmoniýadan, rak we insultdan).

↪ Temmäki çekýänleriň 3-den 1-i Hytaýly.

Entäk ýaşka duruzyň: Saglyk Görkezijileri we Seljeriş Institutynyň baş awtory Marissa Reitsmaň aýtmagyna görä: "Ýaşlaryň 25 ýaşa çenli çilimden uzak durmagy, geljekki nesillerde çilimkeşlige ýykgynlygyň düýpgöter azalmagyna getirer" diýip, The Guardian gazeti habar berýär.

Çözgütler: Temmäki önümlerine salynýan salgytlary artdyrmak iň täsirli syýasatdyr. Emma baý ýurtlar bilen deňeşdirilende, pes we orta girdejili ýurtlarda salgytlar ep-esli pesdir.

Mahabat we mazamlama (reklama) gadaganlyklary hem zerurdyr – ýöne soawtor Win Guptanyň pikiriçe, 4 ýurtdan diňe biri göni we gytaklaýyn temmäki mahabatlarynyň ähli görnüşlerini doly gadagan etdi.

Sitata: Gupta: "Käbir ýurtlarda bolup geçýän öňegidişliklere garamazdan, temmäki pudagynyň ara girmegi we syýasy erkiniň kemelmegi global temmäki gözegçiligi baradaky bilim-düşünje bilen görülýän çäreleriň arasynda uly we dowamly boşlugy döretdi" – diýýär.

  • 1168 gezek okalan