RUHY SAGLYK BILEN BAGLY HYZMATLAR BOÝUNÇA TÄZE GÖLLANMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ruhy saglyk taze gollanmaBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň täze görkezmesi ruhy saglyk bilen bagly hyzmatlar edilende adam hukuklarynyň bozulmazlygyny üpjün etmäge gönükdirilen.

Bütin dünýäde ruhy näsaglaryň idegi esasan psihiki keseller hassahanalarynda üpjün edilip, bu köplenç adam hukuklarynyň bozulmagy we mejbury usullar bilen amala aşyrylýar. Ösüş derejesine garamazdan, dünýäniň ähli ýurtlarynda adam hukuklarynyň gödek bozulmalaryny we mejbury amallaryň ulanylyşyny subut edýän wakalar häli-şindi hasaba alynyp dur. Şeýle hereketlere:

↪ mejbury hassahana ýerleşdirmek we hökmany bejergi;

↪ köşeşdirmek üçin hereketsizlendirmek, fiziki we himiki päsgelçilik usullaryny ulanmak;

↪ hassalaryň antisanitar şertlerde saklanmagy;

↪ näsaglara garşy fiziki zorluk we paýyş sözler bilen kemsidilmeler mysal bolup biler.

BSGG-nyň soňky hasaplamalaryna görä, hökümetler özleriniň saglygy goraýyş býudjetinden 2% hem az bölegi ruhy saglygy ulgamyna bölüp berýärler. Mundan başga-da, rugy saglygy üçin edilýän çykdajylar esasan psihiatrik hassahanalara gönükdirilendir. Bu meselede diňe ýokary girdejili ýurtlar tapawutlanyp, görkeziji takmynan 43%. Resminamada bu beýan edilen hyzmatlaryň maliýeleşdirilişi we olary bahalandyrmagyň netijeleri barada maglumat berilýär. Çykdajylary deňeşdirmegiň netijesi, seljeriş üçin saýlanan jemgyýetçilik hyzmat modelleriniň keselçilik bilen bagly oňyn netilejeler berýändigini, näsaglar tarapyndan makul görülýändigini we degişli çykdajylar edilende ruhy saglygynyň goragy üçin giňden ornaşdyryp boljakdygyny görkezýär.

Täze gollanmada maslahat berilýän nusga laýyklykda, ruhy saglygynyň goragy jemgyýet derejesinde üpjün edilip, oňa diňe bir psihiatriki kömek däl-de, eýsem näsaglara gündelik durmuş meselelerini çözmekde goldaw bermek hem degişli edilýär. Hususan-da, ýaşaýyş jaýyny almakda, bilim beriş we iş üpjünçiligi guramalary bilen aragatnaşyk saklamakda goldamagy hem öz içine almalydyr.

Psihiatriki kömegiň üpjün edilişiniň täze modeline geçiş çaltlaşdyrylmalydyr

"Mejbury ýagdaýda we ruhy näsaglyk alamatlaryny derman serişdeleri bilen gözegçilik etmäge gönükdürilen psihiatriki kömekden tapawutlylykda, täze gollanma aýratyn ýagdaýlary we islegleri göz öňünde tutýan, has bitewi çemeleşme häsiýetine eýe bolup, näsagy goldamagyň we bejermegiň dürli usullaryny hödürleýär. Şol sebäpli, bu täze modele haýal etmän geçmek gerek." – diýip, resminamanyň işlenip düzülmegine ýolbaşçylyk eden Ruhy saglygy we psihoaktiw serişdeleri ulanmak bölüminiň hünärmeni doktor Mişel Funk aýdýar.

Täze gollanmada Braziliýa, Hindistan, Keniýa, Mýanma, Täze Zelandiýa, Norwegiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarda mejbury bejermek modelini ulanman, eýsem jemgyýetiň gatnaşmagy we näsaglaryň hukuk mümkinçiliklerini (ýagny, näsaglaryň öz bejergisi we durmuşy barada karar bermek hukugy) goldamaga gönükdirilen hyzmatlary öz içine alýan jemgyýetçilik esasly döwrebap ruhy saglyk ideginiň tejribe modelleri mysal getirilýär.

"Ruhy saglygyň bejergi modelini üýtgetmek, sosial ulgamdaky düýpli üýtgeşmeler bilen bilelikde amala aşyrylmalydyr. Bular amala aşyrylmadyk ýagdaýynda, ruhy hassalygy bolan adamlaryň doly we öndürijilikli ýaşamagyna böwet bolýan diskriminasiýa dowam eder." – diýip BMG-nyň Maýyplaryň hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Jerard Kuin belleýär.

Çeşme: BSGG

  • 881 gezek okalan