"ULTRIX QUADRI" DÜMEW WAKSINASY BARADA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ultrix quadriTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň "FORT" derman kompaniýasynyň öndüren "Ультрикс Квадри" (Ultrix Quadri) atly möwsümleýin dümewe garşy (СOVID-19 garşy däl) waksinasyny ýurtda ulanmaga tassyklady.

"Ultrix Quadri" jansyzlandyrylan we köp düzümli sanjym bolup, möwsümleýin dümew (grip) wirusynyň iň köp ýaýran dört ştamyndan goraýar. Bu ştamlar: A (H1N1), A (H3N2) we B wirusynyň Yamagata we Victoria liniýalary. Waksina her wirus ştamyna garşy 15 μg antigeni öz içine alýar we jemi 4 sany ştama garşy güýji bolany üçin, her dozada jemi 60 μg antigen saklaýar.

Kliniki synaglaryň netijeleri nähili?

Waksinanyň netijelilik derejesi barada anyk maglumat berilmeýär, ýöne öndüriji kärhana we Rostec kärhanasy tarapyndan onuň örän täsirlidigi we antibedenleri ýokarlandyrýandygy aýdylýar. Antibedenler sanjym urlanyndan 8-12 gün soňra döreýär we berýän immuniteti 1 ýyla çenli dowam edip bilýär. Waksina ýaz paslynda döreýän influenza wirusyndan hem goraýar.

Lukmançylyk žurnallarynda çap edildimi?

"Pubmed" atly lukmançylyk žurnalynda "Ultrix Quadri" waksinasy hakynda maglumatlar 2020-nji ýylda çap edildi. Makalanyň awtorlaryna görä, bu waksina dürli usullar bilen ýüze çykarylan köp sanly wirus beloklarynyň arasynda gowy arabaglanyşygy görkezdi we immuniteti güýçlendirip biljek antigenleri öz içine alýar. Ýöne bulara garamazdan, waksinanyň netijelilik derejesi barada takyk sanlar berilmeýär.

BSGG tarapyndan tassyklananmy?

Heniz tassyklanmadyk. FORT kärhanasy, eksport üpjünçiligini giňeltmek üçin, BSGG bilen deslapky kwalifikasiýa prosedurasyny geçirmäge taýýarlanýar.

Ýan täsirleri barmy we kimler almaly däl?

Russiýanyň "Научно-консультативный клинико-диагностический центр" guramasynyň aýtmagyna görä, waksinanyň ýan täsirleri: kelleagyry, artykmaç derlemek, artralgiýa, mialgiýa, sanjym edilen ýerde agyry, giperemiýa, sanjym edilen ýeriň çişmesi we gijemesi, gyzzyrma we gowşaklyk. Bu ýan täsirler sanjym edilen güni döräp, köplenç 1-3 günüň dowamynda aýrylýar we lukmançylyk bejergisini talap etmeýär. Sanjymy 6-60 ýaş aralygyndaky adamlara almak maslahat berilýär. Göwreliligiň 2-nji we 3-nji üçaýlygyndaky aýallar we çaga emdirýän aýallar sanjymy almazdan öň lukman bilen maslahatlaşmaly.

Waksina haýsy ýurtlarda tassyklandy?

Şu wagta çenli bu waksina Gazagystanda, Türkmenistanda we Belarussiýada ulanmaga tassyklanyldy we umuman 5 sany ýurtda satylýar.

  • 990 gezek okalan