SPIRALYŇ, AÝBAŞY KÄSESINIŇ WE GÖWÜSDEN SÜÝT SORUP ALYJYNYŇ MUZEÝI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

aybasy kasesinin muzeyiKöpleriň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidigine garamazdan, uzak wagtlap gizlin galan zatlara üns çekmek üçin dizaýn kuratorlary, saglyk işgärleri we aktiwistler topary "Eneligi planlamak: Doguluşymyza sebäp bolýan we oňa päsgel berip bilýän zatlar" atly täze kitap we sergi seriýasyny döretdiler. Bu esbaplaryň arasynda: aýbaşy käsesini, göwüsden süýt sorup alyjyny, ginekologik aýnany we spiraly görmek bolýar. Bular adatça estetiki ýa-da üýtgeşik dizaýny üçin baha berilýän zatlaryň hataryna girmeýär.

"Bu esbaplar esasan taryh ýazmaga, karar bermäge ýa-da maddy medeniýeti düzmäge güýji ýetmedik adamlar tarapyndan ulanylýar. Hatda, ýaňy-ýakyna çenli olaryň söhbetdeşlige goşulmaga hem haky ýokdy". Mişel Millar Fişer, Bostonyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň häzirki zaman bezeg sungaty boýunça kuratory.

"Eneligi planlamak" proýekti maý aýynda Filadelfiýada anatomiki täsinlikler ýygyndysy bilen tanalýan "Mütter" lukmançylyk muzeýinde açylan kiçijik sergi bilen başlady. Sentýabr aýynda bolsa, Filadelfiýanyň Binagärlik we Dizaýn merkezinde has uly sergi açylar. Kitap: köpeliş, göwrelilik, dogluş we dogrumdan soňky durmuş baradaky bölümleri bilen sentýabr aýynda çapdan çykar.

"Muzeýleriň zenan bedeniniň zerurlyklaryna gönükdirilen dizaýn esbaplaryna üns bermezligi ýöne ýerden däl. Has dogrusy, bu taryhy taýdan kurator we önümçilik dizaýn pudaklarynda erkekleriň agalyk etmeginiň, şeýle hem, biologiýadan fantaziýany ileri tutýan, dogluşy gizlinleşdirýän we aýal bedenini haryda öwürýän medeniýetiň alamatydyr. Önümiň innowasiýasy arkaly sosial we taryhy deňsizliklere we öňegidişliklere halkyň ünsüni çekmek üçin dizaýn muzeýleri aýratyn amatly ýer bolsa-da, olar şeýle sergileri gurnamak meselesinde häli-şindi ikirjiňlenmegini dowam edýärler". Aleksandr Kanningham Kameron, Smithsonian Kuper Hewitt dizaýn muzeýinde döwrebap dizaýnynyň kuratory.

Sergi we kitap adatça utanç hasaplanýan we şahsy görnüşde suratlandyrylýan gyzykly zatlara üns çekýär. Mundan başga-da ol taryhy, dizaýny we meseläni içgin öwrenmek arkaly, amatlylyk we elýeterlilik meselesinde kimiň zerurlyklarynyň ileri tutulýandygy baradaky möhüm soraglaryň döremegine kömek edýär.

Awtory: Natalia Mantini, The New York Times üçin

  • 964 gezek okalan