MAGNIÝ NERW DARTGYNLYGY KÖŞEŞDIRIP, BEÝNINIŇ IŞINI SAZLAMAGA ÝARDAM BERÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (16 Ses)

Adamyň ýaşaýyşyny  käbir witaminsiz we mikroelementsiz göz öňüne hem getirip bolmaýar. Mysal üçin, hemmelere belli bolan C witamini. Biziň ählimiz onuň peýdaly häsiýetlerine, şeýle hem düzüminde C witamini bar bolan  iýmit önümlerine beletdiris. Şunuň bilen baglylykda, C witamini ulanmagy çäklendirýän  berhiz saklananda, düzümi C witaminsiz önümleri ulanmak kyn bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de, adam käbir witaminleriň we mikroelementleriň bolmadyk ýagdaýynda hem ýaşap bilýär. Emma onuň bedeni bolmalysy ýaly saz işläp bilmeýär. Şeýle "sazlaýjy" elementlere magniý hem degişlidir. Ol biziň bedenimizde köp işleri ýerine ýetirýär. Ýöne olaryň ikisi: kelle beýnisiniň esasy işlerini ýerine ýetirilmegine ýardam bermek  we nerw ulgamynyň işini gowulandyrmak has hem wajypdyr. Umuman, magniý biziň bedenimizde 300-den gowrak biohimiki fermentatiw reaksiýalary ýerine ýetirýär. Olaryň esasy bölegi kelle beýnisi ýa-da onuň işi  bilen baglydyr.

Britaniýaly alymlar toparynyň geçirýän barlaglaryna görä, magniý örän wajyp neýromediator bolup, biziň bedenimiziň rahatlygy we sazlaşygy gazanmak ukybyna jogap berýär. Şikeslenmeden, güýçli nerw dartgynlygyndan soňky  ýagdaýlarda  ýa-da  dürli ruhy çökgünlikde magniniň ornuny tutup biljek zat ýokdur. Ol biziň bedenimiziň işini  kortizolyň we noradrenaliniň ölüm howply täsirinden goraýar. Amerikanyň Tehas ştatyndaky Ostin uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesinden belli bolşy ýaly, magniý kabul edýän adamyň kelle beýnisiniň işi kadalaşýar we  ýatkeşligi has gowulaşýar. Magniniň esasy aýratynlyklarynyň  biri – onuň  neýrotrofiki faktorlaryň   bölünip çykmagyna itergi bermegidir. Bu faktor öýjükleriň garramagynyň öňüni alyp, olaryň ýaşarmagyna ýardam berýär. Şeýlelikde, beýleki ýerine ýetirýän işlerinden başga-da, biziň beýnimizi Alsgeýmeriň keseli ýaly dürli degeneratiw kesellerden goraýar. Şeýle hem  alymlar magniniň  yzygider ulanylmagynyň  beýniniň öýjükleriniň geçirijiliginiň görkezijilerini ýokarlandyrýandygyny, gorky, biynjalyklyk we şikeslenmeden soňky ýagdaýlaryň täsirine düşmegi aradan aýyrýandygyny ýüze çykardylar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3876 gezek okalan