EL SALWADORDA ABORT ÝAGDAÝY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

el salwadorda abort yagdayySara Rogel (çepde) türmeden boşadylandan soň pres-konferensiýada söz sözleýär, San Salwador.

El Salwadorda bir aýal çagasyny abort etdirenlikde şübhelenip, 30 ýyl azatlykdan mahrum edilýär we möhletiniň üçden birine golaýyny tussaglykda geçirenden soňra, azatlyga çykarylýar. Bu waka sebitiň aborty berk gadagan etme meselesine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Şol wagt 22 ýaşyndaky Sara Rogel 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda, özüniň aýtmagyna görä, öý işleri bilen meşgullanýaka ýykylmagy netijesinde ganama başlap, keselhana baranda tussag edilipdi. Ol heniz dogulmadyk bäbegini öldürendigi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, 30 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Soňra höküm 10 ýyla gysgaldyldy.

"Adalatsyz berlen höküm netijesinde, ol dokuz ýyl töweregi tussaglykda saklandy". Rogeliň aklawjysy Karla Waquerano, aborta bolan hukugy goldaýan toparynyň agzasy.

Salwadorda onlarça aýal abort bilen baglanyşykly jenaýatlar üçin tussaglykda saklanýar. 1998-nji ýyldan bäri ýurtda abort etmek gadagan bolup, muňa hat-da zorlanma netijesinde çaga galsa, ýa-da enäniň jany howp astynda bolsa-da rugsat berilmeýär. Aýal hukuklarynyň tarapdary bolan toparlar, bu tussag edilen aýallaryň köpüsi garyp oba ýerlerinden bolup, olar abort etdirendikleri sebäpli däl, eýsem, akuşerçilik ýalňyşlary we gaýra üzülmeleri sebäpli bu ýagdaýa düşendiklerini aýdýarlar.

"Sara türmede oturmaga mynasyp däldi. Çagasynyň düşme ýasyny tutýarka ol maşgalasy bilen bile bolmalydy, muňa derek, ol dokuz ýyl adalatsyz tussaglykda saklandy". Morena Herrera, feminist aktiwist.

Rogeliň boşadylmagy, feministleriň alyp barýan abort hukuklary ugrundaky çykyşlarynyň we hereketiniň güýjemegi Latyn Amerikada ‘ýaşyl yşyk’ hökmünde görülmeginiň alamaty bolmaga çemeli. Argentinada aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjylar tarapyndan onlarça ýyllap dowam eden söweşden soň, dekabr aýynda ýurduň senaty aborty kanunlaşdyrdy, aprel aýynda bolsa, Ekwador zorlanma netijesinde galan göwreliligi abort etmekligi jenaýat jogapkärçiliginden aýyrdy.

Ýogsam, tutuş sebitde diňe Kubada, Urugwaýda we Meksikanyň käbir ýerlerinde isleg boýunça abort etdirme mümkinçiligi bar.

Salwadorda aýallaryň diňe bir erkin abort etdirip bilmeýändigi däl eýsem, muny etmekde galp günäkärlenip biljekdigi aýylganç ýagdaýdyr. Günorta Amerika we bütin dünýä feministleri abortyň hemmeler üçin elýeterli hukuk bolmagyny talap edýärler.

Surata düşüren: Marvin Recinos/AFP/Getty Images. The Guardian.

  • 773 gezek okalan