"MENIŇ DURMUŞYM SENIŇ ÜÇIN PORNO DÄL": GÜNORTA KOREÝADA DIGITAL JYNSY ERJEŞME JENAÝATLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

menin durmusym porno dalAdam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň (HRW) Meniň durmuşym seniň üçin porno däl: Günorta Koreýada digital jynsy erjeşme jenaýatlary atly hasabatyna görä, Günorta Koreýada digital jynsy zorluk we erjeşme epidemiýasy pidalara ömürlik yz galdyrýan şikesler ýetirýär we ýurtdaky ähli aýal-gyzlara ýaramaz täsir edýär. Günorta Koreýanyň Kriminologiýa institutynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda bikanun wideo düşürmek bilen baglanyşykly jynsy jenaýat ýagdaýlarynyň sany 2008-2017-nji ýyllar aralygynda 11 esse artdy.

Molka – bu aýal-gyzlaryň razyçylygyny almazdan olary aç-açan surata/wideo düşürmek ýa-da paýlaşmak üçin gizlin kameralary ulanmakdyr. Hasabatda şeýle hereketlere duçar bolan aýallar öz janyna kast etmek, işini hat-da ýurduny taşlap gitmäge mejbur bolýandygy aýdylýar. 

"Aýal-gyzlar jemgyýetçilik hajathanalaryny ulanmakdan saklanýandyklaryny we köpçülikde, hatda, öýlerinde-de gizlin kameralardan howatyrlanýandygyny aýdýarlar. Digital jynsy jenaýat pidalarynyň uly bölegi janyna kast etmek barada pikir edendiklerini aýdýarlar... Esasan erkeklerden düzülen, hukuk ulgamynyň işgärleri – köplenç munuň gaty agyr jenaýatdygyna düşünmeýärler ýa-da sowuk sala seredýärler." – diýip, HRW-nyň aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýyş bölüminiň wagtlaýyn müdiri Heather Barr aýdýar.

Polisiýa we kazyýet bu meselä känbir duýgudaşlyk bildirmeýär we fiziki subutnamalaryň ýoklugy sebäpli çynlakaý garamaýar. Hatda, jynsy jenaýatlara şikaýat edip barýan aýal-gyzlaryň köpüsi polisiýa bilen "ýakymsyz tejribeleri" başdan geçirýärler, käbirleri hatda masgaralanyp, polisiýanyň olara öýlenjek birini tapmajakdyklaryny aýdýan halatlary hem boldy.

Hasabatda hökümetiň jenaýatçylara has berk jeza çäresini girizmegi, zenan polisiýa işgärleriniň, prokurorlaryň we kazylaryň sanyny artdyrmagy we Günorta Koreýanyň jynsy deňsizligi meselesini çözmegi teklip edilýär. Şeýle hem, kemsidiji suratlary onlaýn ulanmagyň howpy barada hökümete erkekoglanlar bilen düşündiriş işlerini geçirmegi we öwretmegi maslahat berilýär.

  • 922 gezek okalan