AÝAL-GYZLARYŇ HUKUKLARYNY GORAMAKDA SUDANYŇ ILKINJI ÄDIMI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

sudan ayal gyzlarOnlarça ýyl bäri Sudanda aýal-gyzlara garşy zulum meselesi babatynda gürrüňem edilenokdy. Bu baradaky maglumatlar ýiti ýetmezçilik edýärdi – diýip UN News habar berýär.

2019-njy ýylyň Aprelinde Omar al Başiriň häkimýetden agdarylmagy bilen başa geçen täze hökümet zenanlaryň hukuklaryny goramagy ösdürmäge, aýal jyns agzasynyň kastrasiýasynyň jenaýatlaşdyrylmagyna, jynsy zulum barada aç-açan aýtmaga we barlaglar geçirmäge ýol beriljekdigini mälim etdi.

Ägirt uly ädim: Geçen hepde, ýurduň ilkinji gezek jynsy zulum barada ählihalk bahalandyrmasy çap edildi. Ol 215 sany jemgyýetçilik üns berilýän toparlaryny, jynsy zulum boýunça hünärmenler bilen söhbetdeşligi, bar bolan ylmy barlaglary we synlary öz içine aldy.

Esasy netijeler:

↪ Erjeşme we jynsy zorlama üçin gyzlar günäkärlenýär.

↪ Öýdäki sütem giňden ýaýrandyr, emma oňa aýallaryň hukuklarynyň gödek bozulmasy hökmünde seredilmeýär.

↪ Zor bilen durmuşa çykarmak has ýaýbaňlanan.

↪ Aýal-gyzlaryň hereketleri örän çäklendirilen.

↪ Hukuk goraýjylaryň parahorlygy sebäpli gender zulumynyň pidalaryna juda az kömek edilýär.

Bu hasabatyň awtorlary meseläni çözmäge birnäçe maslahat berip, geçirilen bahalandyrmanyň aýallaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen baş ädimdigini bellediler.

  • 979 gezek okalan