HAÝSY ÇAGALAR TOPARYNYŇ GARK BOLMA TÖWEKGELÇILIGI ÝOKARY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gark bolmaABŞ-da 1 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň gark bolmagy tötänleýin şikes zerarly ölümçilige eltýän hadysalaryň esasylaryndan biridir. Emma käbir çagalaryň gark bolma töwekgelçiligi beýlekilerden diýseň uly.

Amerikan Pediatorlar Akademiýasynyň (AAP) Iýuldaky hasabatyna görä, 15-19 ýaşly ýetginjek oglanlaryň gyzlara seredeniňde gark bolma töwekgelçiligi 10 esse ýokarydyr.

Muňa oglanlaryň ýüzüp bilme ukybyna gyzlara garanda aşa göwnüniň ýetmegi we gyzlar bilen deňeşdirilende oglanlaryň alkogol köp ulanmagy hem-de beýleki faktorlaryň sebäp bolýandygy hasabatda bellenilýär. Gark bolýan ähli çagalaryň we ýetginjekleriň 75%-i oglanjyklardyr. 1 ýaşdan 4 ýaşa çenli çagalaryň ölüminiň esasy sebäbi tötänleýin gark bolmakdyr. Hasabata görä, bäbekler köplenç wannada ýa-da uly legenlerde gark bolýar.

Amerikan Pediatorlar Akademiýasy ene-atalara gark bolmagyň öňüni almak üçin aşakdaky suwda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýär:

↪ Öý howuzlary üçin howuzy gurşap alýan özi-ýapylýan gapylary bolan, azyndan 1,2 metr (4 feet) beýiklikde haýat gurmaly.

↪ Çagalara suwda ýüzýän mahaly halas ediş gursakçasyny geýdirmeli we olara elmydama gözegçilik edilmeli.

↪ Ene-atalar çagalaryny 1 ýaşdan başlap ýüzüş sapaklaryna gatnatmalydyr. Giňişleýin maslahatlar üçin çaga lukmanyna, pediatra ýüz tutuň.

↪ Bäbekler hiç wagt wannada gözegçiliksiz galdyrylmaly däldir, sebäbi wannanyň oturymçasyndan taýyp ýykylyp bilerler. Çagany suwa düşürip bolanyňyzdan soň, dessine wannany suwdan boşadyň.

Gark bolmalar: görnüşleri, sebäpleri we olarda berilýän ilkinji kömek

  • 818 gezek okalan