SAGLYK IŞGÄRLERINE HÜJÜM ETDILER WE ÖLDÜRDILER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (2 Ses)

BSSG-nyňsaglyk isgarlerine hujum täze hasabatyna görä, 2018-2020-nji ýyllar aralygynda 700-den gowrak saglyk işgäri öldürildi we 2000 sanysy ýaralandy.

BSSG-nyň Saglygy Goraýyşa Edilýän Hüjümlere Gözegçilik Ulgamynyň alymlary 17 ýurtdaky saglyk işgärlerine, näsaglara we saglygy goraýyş edaralaryna edilen hüjümleri dokumentleşdirip, bu ýagdaýy "adatdan daşary ýagdaýlar" we "gowşak goraglylyk" diýip hasap edýändigini BMG-nyň täze metbugat beýanatynda bellenilýär.

↪ 6 hüjümden 1-i näsagyň ýa-da saglygy goraýyş işgäriniň ölümine sebäp boldy.

↪ 2018-nji we 2019-njy ýyllardaky hüjümleriň üçden iki bölegi we 2020-nji ýyldaky hüjümleriň 50% -i saglygy goraýyş işgärlerine zyýan ýetirdi.

Töwekgelçilikli ýurtlara Efiopiýa, Ýemen, Siriýa, Nigeriýa, Mýanmar, Somali we beýlekiler degişli.

Pakistanda: Poliomiýelita garşy waksina kampaniýasy sanjym edilişini çaltlandyran hem bolsa, ol gaty gymmada düşdi. Ýagny, 2012-nji ýylda Pakistanda poliomiýelita garşy geçirilýän waksinasiýa kampaniýasynyň işgärlerine ilkinji gezek hüjüm edileninden bäri 40 saglyk işgäri we 15 polisiýa işgäri öldürildi. Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda iki günüň içinde 3 gezek hüjüm edilip, poliomiýelit topary bilen birlikde işleýän 1 polisiýa işgäri öldürildi.

  • 676 gezek okalan