COVID-19-YŇ GALDYRAN ÝENE BIR YZY: ÇAGA SEMIZLIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 we semizlikÇaga semizligi bütin dünýäde artýar. Munuň uzak möhletli, çynlakaý jemgyýetçilik saglyk meselesidigini we onuň COVID-19 pandemiýasynyň täsiri sebäpli güýçlenip biljekdigini Bütindünýä semizlik federasiýasynyň (WOF) 2020-nji ýylyň noýabrynda neşir edilen beýannamasy duýdurýar.

Semizlik we aşa agramlylyk fiziki hem-de akyl saglygy bilen baglanyşykly bolup, çagalyk döwründe ýaşaýyşyň hiline täsir edip biler. Şeýle hem, çagalykda aşa semiz bolanlar ululykda hem semiz bolma we ömri gysgaldýan ikileýin hroniki keselli bolma ähtimallygy ýokarydyr. Çagalaryň semizlik derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýol bermek, geljekki nesiller üçin esasy saglyk we ykdysady kynçylyklara öwrülip biler. Mysal üçin: COVID-19 ýaly wiruslaryň ýaýramagynda aşa semizlik möhüm töwekgelçilik faktory bolup durýar.

Mahabatlandyrmalar we sosial kesgitleýjiler (ýaşaýan, okaýan ýerlerindäki şertler, töweregindäki adamlar we ş.m) çagalaryň aşa semremegini çaltlaşdyryp, onuň global ösüşine itergi berdi. Azyk önümçiliginiň, lomaý satuwlaryň üýtgemegi we iýmitleriň dürliginiň artmagy elýeterli hem-de ýokary kaloriýaly iýmitlerdir içgileriň köpelmegine getirdi.

Ulaglarda gatnamak we dynç alyş endikleriniň üýtgemegi köp çaganyň hereketsiz durmuşynyň bardygyny aňladýar. Jemgyýetleriň içinde ýoksul maşgalalaryň çagalary bu sosial kesgitleýjileriň täsiri netijesinde has köp semrediler.

Pandemiýa döwründe çagalaryň aşa semremegi we semizlik barada käbir deslapky maglumatlar elýeterli bolanlygy üçin, pandemiýanyň çagalaryň saglygyna ýetirip biljek täsirine has gowy düşünmek zerurdyr. Pandemiýa döwründe mekdepleriň ýapylmagy, maşgalalaryň maliýe kynçylyklary, ekrana (kompýutera, telewizora, telefona) seredilýän wagtyň köpelmegi we "fast-food" mahabatlandyrmalary köp çaganyň aşa agram almagyna täsiri etdi. Ýoksul çagalar üçin ýeke-täk we yzygiderli sagdyn iýmitlenmegiň çeşmesi bolan mekdepleriň ýapylmagy orta we pes girdejili maşgalalaryň saglyk derejesiniň arasynda boşluk döretdi.

Çagalar ýene okuwa başlanlarynda, mekdepler sagdyn iýmitlenmekde, fiziki we iýmit terbiýesini öwretmekde möhüm rol oýnap bilerler. Esasanam, mekdepleriň bilim we saglygy goraýyşy utgaşykly öwretmäge mümkinçiligi bar we olaryň çaganyň ösüşine uly peýdasy bolup biler. COVID-19 pandemiýasy azyk boýunça jemgyýetlerdäki deňsizligi we gowşaklygy açyp görkezdi. Bu çagalary we ýetginjekleri goramak hem-de dikeldişi döretmek üçin mümkinçilik bolup, mahabatlandyrma bähbitleri ret edilmelidir we saglygyň ileri tutulýan ugurlary täzeden gözden geçirilmelidir.

The Lancet

TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ AŞA SEMIZLIGI

  • 838 gezek okalan