GENDER EÝJIZMI: ÝAŞ WE JYNSY DISKRIMINASIÝA GARŞY GÖREŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

eyjizmEýjizm (iňlisçe: ageism) – adamyň ýaşyna esaslanyp diskriminasiýa edilmegidir. Bu jemgyýetiň ünsden düşürýän saglyk meselesi bolup, gartaşan adamlaryň erbet zatlary başdan geçirmegine sebäp bolýar. Jemgyýetiň çäklendiren ýaş diskriminasiýasynyň çäginden çykylmagy we gartaşan adamlaryň äsgerilmezligini aradan aýyrmak möhümdir.

Gartaşan aýallara hem ýaşy hem-da jynsy taýdan diskriminasiýa edilmegi, olaryň saglygyna we abadançylygyna uly täsir edýär. Eýjizm (ýaş boýunça diskriminasiýa) häzirki zaman medeni, durmuş-ykdysady syýasatlaryň aýrylmaz bölegi bolup, gartaşan adamlaryň ünsden düşürilmegine getirýär. Gender eýjizmi saglygy goraýyş ulgamyna ornaşyp kök urdy. Garry ilatyň aglaba böleginiň aýallardygyna seretmezden, bu mesele bütin dünýäde dowam edýär.

Jemgyýetçilik gurluşynda ýaş boýunça diskriminasiýanyň döremegi jemgyýetde patriarhal düzgünleriň agalygy we adamlaryň ýaş görünmäge berýän ähmiýeti sebäplidir. 2018-nji ýylda geçirilen sowalnama garrylyga garşy pikirleriň esasanam özleriniň ýaşyny gizlemäge we ýaş görünmäge basyş duýýan gartaşan aýallara zyýan ýetirýändigini ýüze çykardy. Gartaşan erkeklerde çal saçly bolmak görnüklilik hasap edilse, gartaşan aýallarda çal saçlylyk negatiw kabul edilýär. Aslynda, ýaş görünmegi mahabatlandyrýan oýlanşyksyz reklamalar eýjistligi (iňlisçe: ageist – ýaş boýunça diskriminasiýa edýän adam) we jynsparazlygy aňladýar.

Gartaşan aýallara garşy ýaş diskriminasiýasy aýallaryň işe alynmagyna, kär we pensiýa mümkinçiliklerine edýän täsirlerinde aýdyň görünýär.

Ýyllar boýy köp aýallar ikileýin jogapkärçiliklerinde: öý hojalykçy we işgär hökmünde kemsidilip gelindi. Işleýän aýallar köplenç enelik rugsadyna gidenlerinde pensiýa gazançlaryny ýitirmek ýa-da ýaşlary artdygyça ýaş boýunça deň bolmadyk iş mümkinçilikleri ýaly adalatsyz syýasatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Eýjizmiň täsiri netijesinde Ykdysady Ösüş Guramasynyň ýurtlaryndaky aýallar erkeklere garanyňda ýyllyk 27% az pensiýa tölegini alýarlar. Bu olaryň geljekdäki saglygyna we garaşsyzlygyna täsir edýär.

BSGG-nyň Global Eýjizm boýunça hasabatynda berlen maslahatlary ýaş diskriminasiýasyny azaltmak we gartaşan aýallaryň saglygyny, abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan işleri amala aşyrmak arkaly güýçlendirilip biler:

1. Gender eýjizmiň giňden ýaýran täsirini ykrar etmeli;

2. Sanalan (statistika we ylmy barlaglar) zat ünsi özüne çekýär. Sagdyn garrylygyň onýyllygy meýilnamasy gartaşan aýallaryň saglyk ýagdaýyna, sosial we ykdysady goşantlaryna has gowy düşünmegiň amaly usulyny kesgitlemek üçin jynsy we ýaş boýunça maglumatlary yzygiderli ýygnamagy we ulanmagy meýilleşdirýär;

3. Gartaşan aýallar we garramak baradaky negatiw bolan sosial we medeni garaýyşlary üýtgetmeli. Biziň hemmämiziň – jemgyýetiň, hökümetleriň, alymlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ähli ýaş toparlaryndan bolan adamlaryň eýjizme garşy göreşde uly rol oýnap biljekdigimize düşünmelidiris;

4. Muny saglygy goraýyşda lukmanlarda bu barada bilimliligi artdyrmak esasynda döredilip biliner. Meselem: lukmalardan näsaglara berýän bejergilerinden başlap tä belleýän dermanlaryna çenli ähli zada gender we ýaş diskriminasiýasynyň täsirini yzgiderli soramak we öwrenmek.

The Lanсet

  • 1061 gezek okalan